G. Atajanowa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
G. Atajanowa «Türkmenistanyň at gazanan
saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2011-nji ýyl, № 7, 1396-njy madda)
Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşandygy, ilatymyzyň saglygyny goramakda bitiren uly hyzmatlary, ýokary hünär ussatlygy hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken ak ýürekli, halal zähmeti üçin, Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň rentgenolog lukmany Gurbanmuhammet Atajanowa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. iýul aýynyň 18-i.
№ PP-5817