A. O. Amandurdyýewe «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
A. O. Amandurdyýewe «Türkmenistanyň at gazanan artisti»
diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 4,5, 1293-nji madda)
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sungatyny ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, agzybir halkymyzyň Altyn asyrynda gazanan uly döredijilik üstünlikleri, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ruhubelent aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýändigi üçin, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde ýerleşýän oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy, aýdymçy Amandurdy Orazgeldiýewiç Amandurdyýewe «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. maý aýynyň 2-si
№ PP-5770