Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

B. Nurmyradowany Türkmenistanyň II derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

B. Nurmyradowany Türkmenistanyň II derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

B. Nurmyradowany Türkmenistanyň II derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 10, 2196-njy madda)

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga goşan uly goşandy, ýurdumyzda medeniýeti ösdürmekde görkezen hyzmatlary, ajaýyp döredijilik üstünlikleri üçin, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini göz öňünde tutup, şeýle hem Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Bägül Nurmyradowany Türkmenistanyň II derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2012 ý. oktýabr aýynyň 21-i.

№ PP-6199