Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

S. W. Medwedewany Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

S. W. Medwedewany Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

S. W. Medwedewany Türkmenistanyň

«Ruhubelent» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 10, 2190-njy madda)

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ylym we bilim ulgamlarynda, medeni hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, ýaş nesillerde ruhubelentlik we ýokary ahlaklylyk sypatlaryny terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, şeýle hem alyp barýan giň gerimli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, Russiýa Federasiýasyndan jemgyýetçilik işgäri Swetlana Wladimirowna Medwedewany Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2012 ý. oktýabr aýynyň 14-i.

№ PP-6191