Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy S. Ý. Naryşkini Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy S. Ý. Naryşkini Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 10, 2189-njy madda)
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni, ylmy we parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň ykrar edilmegine goşan saldamly goşandy üçin, şeýle hem türkmen we rus halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren uly şahsy hyzmatlaryny nazara alyp, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Sergeý Ýewgenýewiç Naryşkini Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2012 ý. oktýabr aýynyň 14-i
№ PP-6190