Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E. Ş. Rahmony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E. Ş. Rahmony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E. Ş. Rahmony Türkmenistanyň

«Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 8, 2117-nji madda)

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn ykdysady, medeni we ylmy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň ykrar edilmegine goşan saldamly goşandy üçin, şeýle hem türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren uly şahsy hyzmatlaryny nazara alyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şarifowiç Rahmony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2012 ý. awgust aýynyň 23-i.

№ PP-6171