Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 8, 2745-nji madda)

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji, 73-nji we 82-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Serdar Aşyrowiç Kerimowy Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Maýsa Gurbandurdyýewna Abdyýewany Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Bäşim Orazowiç Nuryýewi Lebap welaýatynyň Galkynyş etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Röwşen Amandurdyýewiç Hallyýewi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Çandybil etrap kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Hemra Dädebaýewiç Mämmedowy Lebap welaýatynyň Halaç etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Atamyrat etrap, şäher kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Maksatmyrat Annagulyýewiç Myradowy Daşoguz welaýatynyň Gumdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Şamyrat Çaryýewiç Almazowy Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Birata etrap kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Tawus Kakageldiýewna Handurdyýewany Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Tejen etrap, şäher kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Amangeldi Döwletgeldiýewiç Allaberenowy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Seýdi şäher kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Merdan Mämmetgeldiýewiç Täçmämmedowy Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Bagtyýar Halbaýewiç Açylowy Lebap welaýatynyň Birata etrap kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Gurbangül Ilýasowna Ilýasowany Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Annageldi Allalyýewiç Nuryýewi Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine bellemeli;

Öwezmyrat Sapargeldiýewiç Bäşimowy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine bellemeli;

Ogulsapar Amandurdyýewna Hallyýewany Aşgabat şäheriniň Berkaralyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Selbi Ataýewna Gurbansähedowany Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Amandurdy Kakamyradowiç Nurlyýewi Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Ogulgöwher Şamuhammedowna Gylyçlyýewany Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli;

Şemşat Annagulyýewna Gurbanowany Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Kakamyrat Kakajanowiç Hojageldiýewi Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Mähriban Allaşukurowna Bagyýewany Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli;

Jepbar Saparmyradowiç Mälikowy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli;

Toýly Orazgulyýewiç Annagulyýewi Ahal welaýatynyň Derweze etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Aýnagözel Geldiýewna Durdynazarowany, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Serdar Bäşimowiç Taganowy, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Bäşim Gylyjowiç Saryýewi Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň dolandyryş we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2013 ý. awgust aýynyň 31-i.

№ PP-6400