Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

«Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen

hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 7, 2686-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşandyklary üçin hem-de ilatyň saglygyny goramakda gazanan üstünliklerini, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasynyň dosenti Bibi-Niýaz Azizowna Akiýewa;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň terapiýa bölüminiň müdiri Nadežda Semýonowna Dawletowa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2013 ý. iýul aýynyň 18-i.

№ PP-6383