Galla baýramyny bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Galla baýramyny bellemek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 7, 2655-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen gallaçylarynyň ýeten belent sepgitleri hem-de gazanan uly zähmet üstünligi mynasybetli, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1. 2013-nji ýylda ýurdumyzda Galla baýramyny 13-nji iýulda bellemeli.
2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi Galla baýramyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A. Ýazmyradow, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri R. Bazarow we «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ý. Çaryýew gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2013 ý. iýul aýynyň 05-i.
№ PP-6351