Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Aşgabat şäheriniň gününi döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Aşgabat şäheriniň gününi döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Aşgabat şäheriniň gününi döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 5, 2569-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagtynda amala aşyrylýan giň gerimli işleri dünýä ýaýmak, döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ornuny has-da ýokarlandyrmak, sebitde iri ylalaşdyryjy, işewürlik we medeni merkeze hem-de Aziýanyň merjen şäherine öwrülen, ak mermere beslenen paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Aşgabat şäheriniň gününi döretmeli we ony her ýylyň 25-nji maýynda belläp geçmeli.

2. Aşgabat şäheriniň häkimligi Aşgabat şäheriniň gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. Ministrlikler, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary Aşgabat şäheriniň gününiň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegine ýardam bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2013-nji ýylyň maý 25-nji maýy

№ PP- 6335