Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly

ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 5, 2568-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper-synag halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ogulnabat Rejepowna Durdyýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Baharly çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň halyçysy Rozagül Baýramalyýewna Geldimämmedowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Sähragül Amanmämmedowna Gurbanowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Daşoguz haly önümhanasynyň halyçysy Aknabat Gurbangulyýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň gözegçi ussasy Zylyha Jumadurdyýewna Ýazmädowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Marynyň boýag-çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň gözegçi ussasy Orazgül Nurimradowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2013-nji ýylyň maý aýynyň 24-i

№ PP-6334