Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

G. O. Nepesowy Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

G. O. Nepesowy Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

G. O. Nepesowy Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013 ý., № 5, 2563-nji madda)

Berkarar Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendigini göz öňünde tutup, şeýle hem 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 68 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Gurban Orazowiç Nepesowy Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2013 ý. maý aýynyň 09-y

№ PP-6328