Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň işgärlerini Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň işgärlerini Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.040

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň işgärlerini Türkmenistanyň

«Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen

sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý., № 12, 3852-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanyp, halkara derejesinde giňden belläp geçýär.

Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz Watanymyz gysga döwrüň içinde asyrlara barabar ýol geçdi. Hemmetaraplaýyn gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary ýokary depginler bilen ösýär. Nebitgaz senagatynda hem oňat netijeler gazanylýar. Pudagy yzygiderli ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary giň gerim bilen durmuşa geçirilýär. Pudakda halkara taslamalary hem işjeň amala aşyrylýar. Öňlerinde duran belent wezipeleri ýerine ýetirmekde nebitgaz senagatynyň işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler. Iri desgalary gurup, halkara taslamalaryny üstünlikli amala aşyryp, Berkarar Watanymyzyň ösüşlerine uly goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmekde, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini, «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň gurluşygyna işjeň gatnaşyp, has-da tapawutlanandyklaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň şu işgärlerini Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň 1-nji Ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Hümmetguly Annagylyjowiç Annagylyjowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň 3-nji Ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň buldozer maşinisti Akmyrat Hommadowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň 5-nji Ýöriteleşdirilen gurnama dolandyryş edarasynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Öremyrat Meretdurdyýewiç Jumageldiýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň Mehanizmleşdirilen işleriň ýöriteleşdirilen müdirliginiň ekskawator maşinisti Jumageldi Gurbanmyradowiç Hojaýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Ruhabatgurluşyk» ýöriteleşdirilen gurluşyk kompaniýasynyň 3-nji Gurluşyk meýdançasynyň elektrik we gaz bilen kebşirleýjisi Hanmyrat Kakadurdyýewiç Saryýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Balkannebitgazgurluşyk» trestiniň 4-nji Ýöriteleşdirilen gurluşyk dolandyryş edarasynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Guwanç Aýdogdyýewiç Garaýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Balkannebitgazgurluşyk» trestiniň 4-nji Ýöriteleşdirilen gurluşyk dolandyryş edarasynyň gurnaýjysy Şöhrat Soltanowiç Baýryýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň 1-nji Ýöriteleşdirilen dolandyryş edarasynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Mahmud Madaminowiç Maşaripowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň 3-nji Ýöriteleşdirilen dolandyryş edarasynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Batyr Tahyrowiç Altyýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Lebapnebitgazgurluşyk» trestiniň 5-nji Ýöriteleşdirilen dolandyrmasynyň maşinisti Haýytmurat Allamyradowy;

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 1-nji Awtoulaglar kärhanasynyň sürüjisi Annageldi Annamyradowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 1-nji Ýöriteleşdirilen gurnama dolandyryş edarasynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Şamyrat Aşyrowiç Durdymuhammedowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Marynebitgazguruşyk» trestiniň 4-nji Mehanizmleşdirilen işleriň ýöriteleşdirilen edarasynyň ekskawator maşinisti Jumaberdi Hommatjaýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 5-nji Gurluşyk-gurnama edarasynyň işçisi Ybraýym Gurbangeldiýewiç Torumowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 6-njy Gurluşyk-gurnama edarasynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Geldimyrat Ýazgeldiýewiç Ýazowy.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2015-nji ýylyň 18-nji dekabry

№ PP-6859