Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.020

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý., № 10-11, 3809-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň çuňňur hem-de giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen beýik geljege ynamly barýar. Halkara derejesinde parahatçylygy pugtalandyrmak, asuda, abadan we bolelin durmuş ugrunda dünýä bileleşiginiň tagallalaryna uly goşant goşýan, oňynbitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Mähriban halkymyzyň döredijilikli we tutanýerli zähmeti halypa mugallymlarymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak taýdan päklik baradaky pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary, ykdysadyýwetimiziň ähli pudaklarynda gazanýan guwandyryjy üstünliklerimiz, agzybirligimiz we jebisligimiz, amala aşyrylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeler Garaşsyz ýurdumyzy ösüşleriň ýokary sepgitlerine galkyndyrýar.

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaka, ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalryny durmuşa geçirmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde uly zähmet üstünliklerini gazanandyklary üçin, ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermäge hem-de ýaşlarymyzy ata Watanymyza çäksiz söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň şu işgärlerini Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen:

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Akmämmet Orazmyradowiç Akmämmedowy,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Zähmetiň ykdysadyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, Hünäri ýokarlandyryş fakultetiniň dekany Gulmät Muhammedowiç Penaýewi;

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň uly mugallymy Amangeldi Orazowy.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2015 ý. oktýabr aýynyň 15-i.

№PP-6839