Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.020

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 9, 3773-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Bitarap Watanymyz beýik Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri we guwandyryjy netijeler bilen garşylaýar. Çärýek asyra golaý döwrüň içinde eziz Diýarymyzda asyrlara barabar tutumly işler amala aşyryldy. Bitarap Türkmenistan indi dünýä ýurtlarynyň arasynda ýokary depginler bilen ösýän, öz halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän döwletleriň hatarynda ynamly gadam urýar.

Bedew bady bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap döwletimizde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetildi. Häzirki döwrüň demokratik, hukuk we dünýewi döwletini ösdürmekde, barha kämilleşýän raýat jemgyýetini döretmekde, berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny ýokarlandyrmakda, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we pugtalandyrmakda buýsandyryjy netijeler gazanyldy.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, kabul eden il-ýurt bähbitli we döwlet ähmiýetli maksatnamalarymyzy üstünlikli ýerine ýetirmekde, merdana halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmakda, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda watandaşlarymyzyň her biriniň mynasyp goşandy bar. Berkarar Watanymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşýan raýatlarymyzyň ählisi uly hormata we sylaga mynasypdyr.

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny art- dyrmakda, ykdysadyýetimiziň senagat, nebitgaz, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny, şeýle hem halk hojalygynyň beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmekde, maliýe we ykdysady işiň derejesini kämilleşdirmekde, önümçiligiň netijeliligini, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda, milli halyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde, hala çeper nagyşlary salmakda, has kämil tehnikalary, tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmakda, ilatyň saglygyny goramakda, döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ylmyň we tehnikanyň, edebiýatyň, medeniýetiň we sungatyň, bedenterbiýäniň we sportuň, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermäge, ýaşlarymyzy ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zihmetini, gazanan ýokary netijelerini we hünär ussatlygyny nazara alyp, şeyle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen:

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Hasap we hasaplaşyk bölüminiň başlygy-baş hasapçysy Jahan Ilamanowna Saryýewany;

Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Barlag-derňew müdirliginiň başlygy Güýçgeldi Gurbandurdyýewiç Annaýewi,

Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň Buhgalterçik hasaba alnyş we hasabatlylyk müdirliginiň baş hünärmeni Lälegül Kakamyradowna Goçmyradowany,

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň Karz amallary müdirliginiň baş hünärmeni Serdar Ilmyradowiç Rejepowy,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň neşir ýaýradyjy bölüminiň sortlaýjy toparynyň başlygy Arslan Öwezowiç Nazarowy,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Türkmenistan» howa ulaglary kärhanasynyň Baş direktorynyň Uçuş işleri boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Myrat Öwezowiç Öwezowy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň baş hasapçysy Walentina Illarionowna Peşewany,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň kitaphanaçysy Bibigözel Mämmedowany,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň tehniki ulanyş merkeziniň esasy hünärmeni Sergeý Aleksandrowiç Tolkaçewi,

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň sport mekdebiniň woleýbol boýunça türgenleşdirijisi Babasary Söýünowy,

Ahal welaýatynyň Gökdepe şäher geňeşiniň kätibi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Gökdepe etrap bölüminiň başlygy Nurnabat Çarlyýewany,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Maldarçylyk» daýhan birleşiginiň başlygy Ýolaman Meselliýewi,

Ahal welaýatynyň Tejen etrap häkimliginiň Işgärler we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek boýunça bölüminiň müdiri Azat Gündogdyýewi,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň buhgalter hasabaty we hasabatlar bölüminiň başlygy-baş hasapçysy Serdarmämmet Nazarowiç Hanjyýewi,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Türkmenmineral» önümçilik birleşiginiň baş inženeri Işpulat Nurhanowy,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Maryazot» önümçilik birleşiginiň elektrik-abatlaýyş önümhanasynyň başlygy Begenç Aşyrdurdyýewiç Nedirowy;

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary Durdyly Baýlyýewiç Durdylyýewi,

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň Döwletiň maýa goýum taslamalaryny seljeriş müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ata Amandurdyýewiç Ataýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň resminamalaýyn mirasynyň sergisi we syýasy aň-bilim düşündiriş işleri bölüminiň baş ylmy işgäri Gunça Kakabaýewna Garaýewany,

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Daşary ykdysady iş müdirliginiň başlygy Annaçary Geldisähedowiç Mülliýewi,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň Pensiýa we döwlet kömek pullary üpjünçiligi müdirliginiň baş hünärmeni Ogulmaral Annagurbanowna Karlyýewany,

Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň Içerki audit bölüminiň müdiriniň orunbasary Ogul Myradowna Gurbanowany,

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň Nebiti, gazy gaýtadan işleýiş we himiýa senagatyny seljeriş we geljekki ösüşini anyklaýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Aýna Bäşimowna Annamuhammedowany,

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş gurluşyk müdirliginiň Önümçilik-tehniki bölüminiň başlygy Pihammerguly Hudaýgulyýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenetgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň 1-nji Ýöriteleşdirilen gurnama kärhanasynyň başlygy Nurmämmet Rejepmämmedowiç Annamämmedowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Ruhabatgurluşyk» Ýöriteleşdirilen gurluşyk kompaniýasynyň Önümçilik tehniki üpjünçilik meýdançasynyň başlygy Orazmyrat Garajaýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjysy Oraznýaz Atamuradowiç Ilýasowy,

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Tokaý hojalygynyň Önümçilik tehniki bölüminiň başlygy Halmyrat Batyrowy,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Işgärler bölüminiň başlygy Sähra Atowna Baýramowany,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň baş inženeriniň orunbasary Döwlet Nargulyýewiç Allaýarowy,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň baş ulgam utgaşdyryjysy Şageldi Atakurtowiç Nepesowy,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň «Türkmenenergogurnama» ýöriteleşdirilen dolandyryş edarasynyň ussasy-gurnaýjysy Allanazar Hekimowiç Nurgeldiýewi,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Gözegçilik-derňew müdirliginiň başlygy Gaýypnazar Alowowy,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Aşgabat şäher Jemagat hojalygy birleşiginiň baş mehanigi Ýazgeldi Baýramgeldiýewiç Akgaýewi,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň 2-nji ýol gurluşyk müdirliginiň mehanizatory Bezirgen Muhammetgulyýewi,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabadyň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýüpek fabriginiň pile saýlaýjy önümhanasynyň başlygy Ogulnur Saparmedowna Repowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki lukmançylyk hem-de kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän fabriginiň ussasy Şamyrat Geldimyradowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň tikinçisi Ýazbibi Gurbanowna Meredowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň tikinçisi Oguljahan Ekeýewna Nowruzaliýewany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabadyň S. A. Nyýazow adyndaky nah-mata kärhanasynyň baş inženeri Amangeldi Bäşimowiç Gylyjowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabadyň dokma toplumynyň Zähmeti goraýyş we ekologiýa bölüminiň töwerekdäki gurşawy goramak boýunça inžener-ekology Annasoltan Hommadowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Bahar» tikin önümçilik birleşiginiň ussasy Ogulsabyr Annamyradowna Pirmämmedowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Bahar» tikin önümçilik birleşiginiň tikinçisi Tatýana Wiktorowna Pausy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Ahal» tikinçilik birleşiginiň tikinçisi Laçyn Hezretgulyýewna Garajaýewany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmen-Kalkan» türkmen-türk bilelikdäki aýakgap kärhanasynyň tikinçisi Hajat Ýomudowany,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň Hasapçylyk we maliýe müdirliginiň başlygynyň orunbasary Maýa Durdygulyýewna Atamedowany,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmendaşlary» önümçilik birleşiginiň Abadan kän müdirliginiň baş hünärmeni Gülbahar Amangeldiýewna Berdiýewany,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmendaşlary» önümçilik birleşiginiň Abadan kän müdirliginiň sürüjisi Bäşim Saryýewi,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň Abadanyň Iri panelli jaý gurluşyk zawodynyň kran sürüjisi Geldimyrat Sözenowiç Taganowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň Maşyn hasaplaýyş edarasynyň başlygy Bahar Taňrygulyýewna Handöwletowany,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň hereket derňewçisi Berdiniýaz Ataýewiç Şyhberdiýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat lokomotiw deposynyň otly sürüjisi Gennadiý Anatolýewiç Mosýakini,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Aşgabat şäher telefon ulgamynyň 7-nji tehniki aragatnaşyk bekediniň kabel kebşirleýjisi Jumamyrat Ataýewiç Mämmetmyradowy,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Hökümet awiasiýasy» kärhanasynyň inženeri Ýakup Baýramgulyýewiç Kerimowy,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň Aşgabat şäheriniň halkara howa menziliniň Howa hereketini dolandyryş gullugynyň başlygy Batyr Rejepdurdyýewiç Çikaýewi,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag önümçilik birleşiginiň Aşgabatdaky şäherara ýolagçy awtoulag kärhanasynyň sürüjisi Hojageldi Çarymyradowiç Gurbangeldyýewi,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň «Türkmendaşaryulag» önümçilik birleşiginiň awtomobil abatlaýjysy Sapardurdy Gurbanowiç Toýlyýewi,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti müdirliginiň Maliýe we hasabat bölüminiň baş hünärmeni Ogulhajat Rejepmyradowna Hydyrowany,

Türkmenistanyň Oba hojalyk minstrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Serhetde we ulaglarda döwlet weterinariýa gözegçilik gullugynyň weterinar lukmany Pena Garaýewiç Baýmyradowy,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Tohumçylyk we sort synag döwlet gullugynyň Barlaghana bölüminiň müdiri Gülbahar Hommakowna Hydyrowany,

«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň «Aşgabatçörek» önümçilik birleşiginiň 1-nji çörek kärhanasynyň çörek bişirijisi Dünýägözel Çaryýewany,

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň «Eşret» jogapkärçiligi çäkli bileleşiginiň süýt önümhanasynyň ulgam operatory Bägül Dörtgulyýewna Annamämmedowany,

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň «Süýt» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýük awtoulagynyň sürüjisi Begmyrat Şihiýewiç Kiçiýewi,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Türkmendöwlettaslama» döwlet taslama ylmy-öümçilik birleşiginiň 5-nji Inžener enjamlary bölüminiň taslamanyň baş inženeri Tatýana Nikitiçna Terentýewany,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Türkmendöwlettaslama» döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň 4-nji Şäherleriň we şäherçeleriň meýilnamalaşdyrylyşy we gurluşygy bölüminiň başlygynyň orunbasary Gülşirin Çarynazarowna Jumanazarowany,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň azyk söwda kärhanasynyň ykdysady seljeriş bölüminiň başlygy Elmira Rustamowna Rustamowany,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bibimerýem Muhammetsytyhowna Hudaýnazarowany,

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Türkmenseljeriş» kärhanasynyň hünärmeni Oguljemal Aýydowna Jumamyradowany,

Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň Işgärler we hukuk bölüminiň başlygy Nurgözel Gurbanmuhammedowna Annaýewany,

Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň baş hasapçysy Aýsuluw Geldimyradowna Çaryýewany,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Walentina Hojamämmedowna Orazgeldiýewany,

«Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň direktory Röwşen Derýaýewiç Muhammetnurowy,

«Gündogar Ýyldyzy» hususy kärhanasynyň direktory Batyr Gurbanowiç Orazowy,

«Aziýa-Hyzmatdaş» hojalyk jemgyýetiniň Söwda we marketing bölüminiň başlygy Begençmyrat Atabaýewiç Annaýarowy,

«Ak hünji» hususy kärhanasynyň önümçilik, gurluşyk we maldarçylyk boýunça baş hünärmeni Begmuhammet Gullyýewiç Çaryýewi,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mugallym, ýolbaşçy işgärler we arhiw işleri bölüminiň başlygy Nury Taganowiç Salpyýewi,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň dekany, uly mugallym Ýolly Dowlyýewiç Myradowy,

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyň müdiri Ilmyrat Gurbanowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara «Ene mähri» merkeziniň bejeriş bölüminiň müdiri Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypowy,

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň başlygy Nurýagdy Amanbaýewiç Matnepesowy,

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň Adaty karate Milli Merkeziniň başlygy Hangeldi Orazjanowiç Hojaýewi,

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň «Grand Türkmen» myhmanhanasy döwlet kärhanasynyň başlygynyň orunbasary Halmyrat Durdymuhammedowiç Annageldiýewi,

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Ylmy-usulyýet bölüminiň baş hünärmeni Aýjeren Aganazarowna Kulyýewany,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maliýe- ykdysady bölüminiň müdiri-baş hasapçysy Maksatmyrat Annamuhammedowiç Çaryýewi,

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Aşgabadyň «Aragatnaşykgurnama» kärhanasynyň başlygy Guwanç Joraýewiç Hummedowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gypjakdaky S. A. Nyýazow adyndaky dokma toplumynyň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Kümüş Amangulyýewna Durdyýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 117-nji orta mekdebiniň tehniki işgäri Rejepmämmet Ataýewi,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet» žurnalynyň bölüm redaktory Maýa Apbaýewany,

Türkmenistanyň döwlet sirkiniň Ulanyş-tehniki gullugy bölüminiň başlygy Nury Gurbannepesowiç Toryýewi,

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň bölüm başlygy Leýla Hudaýberdiýewna Ataberdiýewany,

Türkmenistanyň döwlet kitap palatasynyň baş hasapçysy Natalýa Wasilýewna Agageldiýewany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşiginiň 3-nji dükanynyň müdiri Alla Wladimirowna Galustýany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Çaphanahyzmatlary» döwlet hojalyk hasaplaşykly kärhanasynyň baş hünärmeni Olga Ýakowlewna Şirinkinany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň işçisi Ogulnabat Rejepowna Mürrükowany,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň Habarlar we söz-söhbetli gepleşikler bölüminiň jogapkär kätibi Allamyrat Mämiýewiç Çaryýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýazgül Şadurdyýewna Myradowany,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň baş redaktory Bahar Akmyradowna Muhyýewany,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň teleoperatory Dörtguly Muhammedowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň ses režissýory Orazguly Udiýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň teleoperatory Çary Kowusowiç Atahanowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň 1-nji derejeli redaktory Maýa Ataýewna Ýazmuhammedowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň maşgala bölüminiň müdiri Maýa Handurdyýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň lukmany Gülälek Öwezgulyýewna Orazowany,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işlerini utgaşdyryjy bölüminiň baş hünärmeni Annasoltan Amanmämmedowna Aşyrowany,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Hojalyk bölümçesiniň hyzmat ediş işgäri Annajamal Nepesowany,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Arkaçgurluşyk» önümçilik birleşiginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhammetguly Çökelikowiç Mergenowy,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Aşgabatgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 1-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň 2-nji derejeli gurnaýjysy Azatbaý Kulmuratowiç Amanowy,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Aýratyn möhüm desgalaryň gurluşygy baradaky direksiýasynyň direktorynyň ykdysadyýet boýunça orunbasary Aleksandr Alekseýewiç Krasnowy,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 4-nji hünärment mekdebiniň mugallymy-guramaçysy Çary Şadurdyýewi,

Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň häkimliginiň hyzmat ediş işgäri Aýsoltan Ödäýewany,

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Änew nebit kärhanasynyň ýangyn söndürijisi Amanguly Annagulyýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Kakaetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gaz we elektrik bilen kebşirleýjisi Begmyrat Ataýewiç Annamyradowy,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwletelektroenergetika korporasiýasynyň «Ahalenergo» önümçilik birleşiginiň Gökdepe etrap elektrik ulgamynyň elektrik gurnaýjysy Muhammetgeldi Orazmyradowy,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Ahal welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginiň bagbany Annagözel Aganazarowna Akmämmedowany,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Ahal welaýat Awtomobil ulanyş müdirliginiň 1-nji ýol bölüminiň mehanizatory Aşyrmyrat Orazmuhammedowiç Durdyýewi,

«Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmensement» önümçilik birleşiginiň Kelete sement zawodynyň işçisi Myratmuhammet Akmyradowy,

«Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmensement» önümçilik birleşiginiň Kelete sement zawodynyň işçisi Öremyrat Babaýewiç Muhanowy,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Tejenkarbamid» zawodynyň baş tehnology Baýmuhammet Nurmuhammedowiç Gojaýewi,

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň Babadaýhan etrap pagta arassalaýjy kärhanasynyň hyzmat ediş işgäri Baýramtäç Söýunowany,

Döwlet maldarçylyk birleşiginiň Ahal welaýat önümçilik birleşiginiň Tejen etrabyndaky S. A. Nyýazow adyndaky maldarçylyk hojalygynyň 1-nji bölüminiň baş çopany Amanmämmet Allanazarowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň Baharly etrap alyjylar jemgyýetiniň «Altyn asyr» toý mekanynyň aşpezi Myrataly Orazowy,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýna Geldiýewna Orazmämmedowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň ilkinji saglygy goraýyş işleri boýunça orunbasary Myrat Muhammetberdiýewiç Reewi,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi geňeşliginiň Gämi obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Öwezdurdy Çaryýewi,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap medeniýet merkeziniň Ahal halk saz gurallary toparynyň müdiri Nurýagdy Hojamämmedowy,

Ahal welaýatynyň häkimliginiň Hojalyk bölümçesiniň müdiri Kemal Gurbandurdyýewiç Rahymowy,

Ahal welaýatynyň «Ahalgurluşyk» önümçilik birleşiginiň Gökdepe etrabyndaky 2-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň baş inženeri Annanur Muhammedowiç Agaýewi,

Ahal welaýatynyň «Ahalgurluşyk» önümçilik birleşiginiň Babadaýhan etrabyndaky 9-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň kerpiç zawodynyň uly ussasy Saparmyrat Allaberdiýewi,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimliginiň elektrik hasaplaýyş gurallarynyň operatory Aýbölek Şamuhammedowna Bäşimowany,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň başlygy Dörtguly Atalyýewi,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Zähmet geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Aşyrgeldi Begenjowy,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň G. Kulyýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhammetdurdy Muhammetmyradowy,

Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň «Waharman» daýhan birleşiginiň bakjaçysy Merdan Amangeldiýewiç Çaryýewi,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jumageldi Şamyradowiç Çaryýewi,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň «Bugdaýly» daýhan birleşiginiň mehanizatory Şamyrat Orazmyradowiç Mürşenowy,

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Balkanabat nebit kärhanasynyň baş inženeri Farhat Ýuldaşewiç Tadžibaýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň başlygy Ýusup Nurjanowiç Sadyýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň başlygynyň orunbasary - baş inženeri Amanmuhammet Meredowiç Esetowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň başlygynyň orunbasary - baş inženeriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nurberdi Kakajanowiç Ýegenmämmedowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Balkannebitgazgurluşyk» edarasynyň Awtoulaglar kärhanasynyň abatlaýjysy Aşyrmämmet Sähedowy,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Nebit ilkinji gezek gaýtadan işleýän 1-nji önümhanasynyň uly operatory Altyguly Hudaýgulyýewiç Muhadowy,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Çalgy ýaglaryny öndürýän 5-nji önümhanasynyň parafini aýryjy desgasynyň başlygy Allanazar Amangeldiýewiç Tuwakowy,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň işçisi Annageldi Atamyradowiç Bekdurdyýewi,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Türkmendöwlettaslama» döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň «Türkmenbaşytaslama» döwlet taslama institutynyň direktory Ýan Ýurýewiç Krylowy,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Balkan welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň Balkanabat şäher Ýaşaýyş jaýlary ulanyş edarasynyň agaç ussasy Emin Ahmedowiç Eminowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki halkyň sarp edýän harytlaryny öndürýän fabriginiň tikinçisi Ogulnur Gurbannazarowna Gurbanalyýewany,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Bereket lokomotiw deposynyň inžener-tehnology Hangeldi Amandurdyýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Bereket lokomotiw deposynyň abatlaýjysy Çarymämmet Ýaryýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Wagon abatlaýyş zawodynyň (Serdar şäheri) baş tehnology Amanmämmet Meredowiç Nurýagdyýewi,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Balkantelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Etrek etrap elektrik aragatnaşyk ulgamynyň elektrik mehanigi Muhammetguly Söýünowy,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň «Balkanpoçta» welaýat kärhanasynyň Serdar etrap poçta aragatnaşyk merkeziniň başlygy Ogultäç Gulyýewna Ýollyýewany,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň Türkmenbaşy şäher howa menziliniň Ýöriteleşdirilen ulaglar gullugynyň mehanigi Meretdurdy Babaýewiç Taganowy,

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň elektrik bejerijisi Döwletgeldi Amangulyýewiç Arazmämmedowy,

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň pulhanaçysy Nazgül Malakowany,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň Balkan welaýat Gidrometeorologiýa merkeziniň Ogurjaly gidrometeorologiýa bekediniň başlygy Hemra Gurbanmyradowiç Öwezmyradowy,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Tokaý hojalygy müdirliginiň Balkan welaýat tokaý hojalygynyň Magtymguly bölüminiň işçisi Gara Tagyýewi,

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Türkmenbaşyseljeriş» kärhanasynyň direktory Amanbagyt Ýazmämmedowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasynyň baş lukmany Rahman Baýgeldiýewi,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň başlygy Bibiaýşa Rejepowna Saparowany,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Bugdaýly geňeşliginiň Bugdaýly obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Ilmämmet Akmämmedowiç Gylyçnyýazowy,

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Fortepiano bölüminiň ýokary derejeli mugallymy Annasoltan Aşyrowna Babaýewany,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap merkezi kitaphanasynyň kitap- hanaçysy Hajat Myradowany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Balkan welaýat çaphanasynyň Türkmenbaşy şahamçasynyň önümhana başlygy Tahyr Gurbanowiç Garagöndiýewi,

Balkan welaýatynyň häkimliginiň Hasapçylyk bölüminiň baş hünärmeni Amansoltan Myradowany,

Balkan welaýatynyň häkimliginiň Işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň esasy hünärmeni Karkara Hojamämmedowna Satlykgylyjowany,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimliginiň Senagat, gurluşyk we jemagat hojalygynyň işlerini utgaşdyryjy bölüminiň baş hünärmeni Pirli Pirliýewi,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimliginiň iş dolandyryş bölüminiň baş hünärmeni Däneguly Dänegulyýewi,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Esenguly şäherçesiniň Geňeşiniň kätibi Nyýazgül Niýazowany,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkimliginiň Senagat, gurluşyk ulag, aragatnaşyk we jemagat işlerini utgaşdyryjy bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni Annamyrat Sapargylyjowiç Orazgylyjowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Daşoguznebitgazgurluşyk» edarasynyň 2-nji Gurluşyk dolandyryş kärhanasynyň kerpiç örüjisi Azim Ýuldaşewiç Kurambaýewi,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Baş döwlet seljeriş müdirliginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň başlygy Berdigylyç Kakadžanowy,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň Awtomatika we rele gorag önümçilik gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Durdygylyç Öräýewiç Durdygylyjowy,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Daşoguz welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Daşoguz şäher arassalaýyş we abadanlaşdyryş edarasynyň işçisi Amandurdy Garryýewiç Garabegowy,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Daşoguz welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň Gubadag etrap ýol bölüminiň işçisi Baýram Toýlyýewi,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň 5-nji esasy aragatnaşyk tehniki ulgamynyň kabel kebşirleýjisi Tirkeş Saryýewiç Baýryýewi,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Saparmyrat Türkmenbaşy etraby boýunça baş hünärmeni Öre Begjanowy,

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Daşoguz Altyn Asyr Türkmen köl gurluşyk» dolanyşygynyň buldozerçisi Baýram Dädebaýewiç Işanowy,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Daşoguz welaýat tebigaty goramak dolandyryş edarasynyň gözegçisi Ybraýim Uzakbaýewiç Taganowy,

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň «Şirwan» pagta arassalaýjy kärhanasynyň süýüm ýükleýjisi Agataý Tagandurdyýewiç Mätmyradowy,

«Tükmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň «Daşoguzobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Ruhubelent etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatory Goçmyrat Mämetjanowiç Ataýewi,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşoguz welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Boldumsaz etrap alyjylar jemgyýetiniň 12-nji dükanynyň satyjysy Goşabaý Paltaşowiç Amanjanowy,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy Abdulla Jumabaýewiç Rahmanowy,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 89-njy orta mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Ýagşymyrat Gurbanowiç Kirliýewi,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrap hassahanasynyň baş lukmany Begnazar Haljanowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Bazar Çowdurowy,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Gallaçy geňeşliginiň Saparmyrat Nyýazow adyndaky obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Dädebaý Soýegowy,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Daşoguz welaýat çaphanasynyň çap ediji bölümçesiniň başlygy Kaka Hangeldiýewi,

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň häkimliginiň Senagat, gurluşyk we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bölüminiň müdiri Gurbangeldi Işanowy,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Gurbansoltan eje adyndaky şäherçesiniň geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Esen Gurbandurdyýewi,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 10 ýyl abadanlyk geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Myrat Haýydowy,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimliginiň Işgärler we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek boýunça bölüminiň baş hünärmeni Halžan Atažanowiç Nuržanowy,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkimliginiň binagäri Garajan Alyýewiç Garajanowy,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkimliginiň Işgärler we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek boýunça bölüminiň baş hünärmeni Läle Atabaýewna Amangeldiýewany,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheri boýunça döwlet salgyt gullugynyň baş döwlet salgyt gözegçisi Begnazar Jepbarowiç Kulyýewi,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiň Işgärler bölüminiň başlygy Rozmyrat Artykowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Gazy çykarmak we ugratmak boýunça Demirgazyk Balguýy önümçilik böleginiň Kerpiçli önümhanasynyň operatory Jumadurdy Urbesinowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Gazy çykarmak we ugratmak boýunça Naýyp liniýa önümçilik böleginiň işçisi Nuryş Meretowiç Tubakowy,

Turkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Türkmendöwlettaslama» döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň «Lebaptaslama» döwlet taslama institutynyň direktorynyň orunbasary Baýram Hamraýewiç Jumakulyýewi,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Lebap welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Türkmenabat Ýaşaýyş jaýlary ulanyş edarasynyn 10-njy ýaşaýyş jaý ulanyş bölüminiň bejerijisi Bagtyýar Taganowiç Durdykylyçowy,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Lebap welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň Mehanizasiýa bölüminiň ekskawatorçysy Halmurat Babajanowiç Durdyýewi,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabat tikin fabriginiň Işgärler bölüminiň başlygy Jeren Sowetowna Söýünowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki S. A.Nyýazow adyndaky ýaglyk kärhanasynyň Dokma önümçiliginiň enjam arassalaýjysy Altyn Rozyýewna Pirliýewany,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky S. A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň işçisi Zöhra Döwranowna Orunowany,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Jemal Döwletowany,

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň Türkmenabat tejribe-synag, atlaýyş zawodynyň direktory Myrat Baýramowy,

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň Garaşsyzlyk etrap pagta arassalaýjy kärhanasynyň 2-nji önümçilik toparynyň enjamlary sazlaýjysy Şöhrat Abdullaýewi,

Döwlet maldarçylyk birleşiginiň Lebap welaýat önümçilik birleşiginiň Halaç etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň baş çopany Arslan Çaryýewiç Kadyrowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Seýdi» döwlet söwda kärhanasynyň 8-nji dükanynyň satyjysy Mahym Abdurahmanowna Baltaýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň işgärler bölüminiň baş hünärmeni Aýsultan Yangibaýewna Bazarowany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Lebap welaýat çaphanasynyň esasy hünärmeni Meriban Tillaýewna Ýangibaýewany,

Lebap welaýatynyň häkimliginiň Binagärlik we şäher gurluşygy müdirliginiň başlygynyň orunbasary Maýa Rahmanowna Döwletowany,

Lebap welaýatynyň häkimliginiň Ulag, ýol gurluşyk we aragatnaşyk bölüminiň esasy hünärmeni Öwlýaguly Orazowiç Baýmyradowy,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkimliginiň iş dolandyryjysy Musaguly Döwranowy,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň häkimliginiň baş hasapçysy Akbibi Çaryýewna Muradowany,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» edarasynyň baş ulgam utgaşdyryjysy Alty Tirkişowiç Mülkiýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş önümhanasynyň işçisi Orazmämmet Gurbandurdyýewiç Saragytowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň Gazy arassalaýjy we gysyjy 1-nji önümhanasynyň işçisi Arslan Amangeldiýewiç Durdyýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň Marynyň gazlaşdyrma bölüminiň müdiri Kakageldi Sylapberdiýewiç Berdimyradowy,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Mary döwlet elektrik stansiýasynyň içisi Allamyrat Gurdowiç Annyýewi,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konseminiň Mary welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň 6-njy ýol ulanyş bölüminiň uly iş öndürijisi Sapargeldi Kulanowiç Çaryýewi,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Marynyň «Yeňiş» tikin fabriginiň direktorynyň orunbasary Berdi Hudaýberdiýewiç Atdaýewi,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Marynyň «Yeňiş» tikin fabriginiň tikinçisi Dürligözel Çaryýewna Çaryýewany,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmendaşlary» önümçilik birleşiginiň Galaýmor kän hojalygynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça alyp baryjy inženeri Gurban Akymetowiç Muhammetgylyjowy,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Marykarbamid» zawodynyn direktorynyň umumy meseleler boýunça orunbasary Myrat Jumageldiýewiç Myradowy,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly etrabynyň Murgap geňeşliginiň Murgap obasyndaky haly önümçilik kärhanasynyň halyçysy Aýjemal Geldiýewna Amanowany,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýaty boýunça bölüminiň müdiri Guwançmyrat Tirkişowiç Orazowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň Mary welaýat Gidrometeorologiýa merkeziniň Mary raýat awiameteorologiýa bekediniň awiaçaklamalar toparynyň ýolbaşçysy Tatýana Lwowna Madunsy,

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň «Garagumderýasuwhojalyk» birleşiginiň ýöriteleşdirilen «Damja» gurluşyk-ulanyş dolanyşygynyň ekskawatorçysy Meretgeldi Ýazmyradowiç Abdygapurowy,

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň Mehanizmler we energetika bölüminiň başlygy Mihail Iwanowiç Studenikini,

«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň «Marygallaönümleri» önümçilik birleşiginiň mehanizmleri bejeriji işçisi Orazmuhammet Ýazlyýewiç Amangeldiýewi,

Döwlet maldarçylyk birleşiginiň Mary welaýat önümçilik birleşiginiň Sakarçäge etrabyndaky Sakarçäge maldarçylyk hojalygynyň düýedarçylyk bölüminiň baş çopany Begenç Geldiýewiç Hudaýnazarowy,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymy Döwran Abdyrahymow Saryýewi,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligin Mary welaýatynyň Murgap etrap hassahanasynyň Hirurgiýa bölüminiň müdiri Akgurban Bäşimowiç Nuryýewi,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Goňur geňeşliginiň Garagoňur obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Ýazmyrat Atakowy,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Mary welaýat çaphanasynyň ofset önümhanasynyň kagyz kesijisi Kakageldi Aşyrowiç Hallyýewi,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň S. Nyýazow adyndaky geňeşliginiň Baýraç oba medeniýet öýüniň müdiri Annamuhammet Hümetnazarowiç Annahanowy,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimliginiň Bilim, saglygy goraýyş we durmuş-medeni ulgamy bölüminiň müdiri Nurgeldi Akyşowy,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Göbeklidepe geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Tirkiş Çaryýewiç Baýramowy,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Atanazar Hudaýnazarowiç Haýytgulyýewi,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň H.Jumaýew adyndaky geňeşliginiň Geňeşiniň arçynynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Täjigözel Nedirowna Gurbangeldiýewany,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkimliginiň iş dolandyryş müdirliginiň baş hünärmeni Jumanazar Sapbyýewiç Jumamyradowy;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň baş alym kätibi, akademik Ýusup Hekimowa;

«Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri»

diýen hormatly ady:

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» edarasynyň Merkezi inžener-tehnologiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Amangylyç Amangylyjowa,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň baş geology Amangeldi Ataýewiç Ataýewe,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň Senagat önümlerini gaýtadan işlemek boýunça müdirliginiň başlygy Wladimir Nikolaýewiç Şumeýko,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmensement» önümçilik birleşiginiň baş direktory Pirguly Kadyrowiç Pylywowa,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmenmaşyngurluşyk» konserniniň «Agrosenagatmaşyngurluşyk» zawodynyň işçisi Baýram Jumagulyýewiç Işankuliýewe,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmenmaşyngurluşyk» konserniniň Polimer önümleri zawodynyň ussasy Goçmurat Ataýewe,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň S. A. Nyýazow adyndaky Aýna kombinatynyň mehanigi Kaka Jumaýewiç Ýazgulyýewe,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň Abadanyň Iri panelli jaý gurluşyk zawodynyň direktory Amangeldi Hallyýewiç Saryýewe,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň Abadanyň Iri panelli jaý gurluşyk zawodynyň işçisi Gülnäzik Döwletgeldiýewa,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Dökünhimiýa» kärhanasynyň Ahal welaýat «Dökünhimiýa» müdirliginiň Gökdepe etrap «Dökünhimiýa» bölüminiň esasy hünärmeni Kakageldi Atabaýewiç Gotyrowa,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmendaşlary» önümçilik birleşiginiň Türkmenbaşynyň Magdan däl we gurluşyk materiallary kärhanasynyň baş mehanigi Hasan Hazgereýewiç Mansurowa,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Dag toplumynyň başlygy Hurram Razakowa,

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni Rozymurat Egemberdiýewe,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Marynyň gön zawodynyň ussasy Atahan Sähetliýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy»

diýen hormatly ady:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aýtäç Tuwakdurdyýewna Nyýazgurbanowa;

«Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň elektrik ussasy Gülaýim Iganowna Açilowa,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň telefonçylar toparynyň başlygy Tatýana Arkadýewna Aruşanýansa;

«Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň «Lebapsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Lebap Altyn asyr Türkmen köl gurluşyk» dolanyşygynyň buldozerçisi Dagandurdy Egemberdiýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Tejribe-önümçilik merkeziniň esasy ylmy işgäri Olga Nikolaýewna Borodina

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Trawmatologiýa we ortopediýa kafedrasynyň professory Bäşim Soltanowa,

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Urologiýa okuwly fakultet hirurgiýasy kafedrasynyň müdiri Mämmetberdi Çaryýewe,

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy Abadan Mülkiýewa;

«Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýanyň Okuw bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Oraztagan Taganmämmedowa;

«Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Täçmyrat Orazmyradowiç Uwdiýewe,

Türkmenistanyň «Turkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Buhgalter basaby we hasabatlar müdirliginiň başlygy - baş hasapçysy Aýdogdy Hojageldiýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2015 ý. sentýabr aýynyň 10-y

№ PP-6814