Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.050

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 9, 3772-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmenistan ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanýar. Bitarap Watanymyzyň her güni uly ýeňişlere we şanly wakalara beslenýär. Ösüşiň, agzybirligiň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülen güneşli Diýarymyz gazanýan ýokary netijeleri, ýetýän belent sepgitleri, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty bilen bütin dünýäde giňden tanalýar.

Ata Watanymyzyň gazanýan her bir üstünliginde, merdana halkymyzyň agzybirligini berkitmekde, ösüp gelýän nesillerimizi milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň mynasyp goşandy bar. Hormatly ýaşulularymyz döwletimiz üçin örän möhüm meseleleri maslahatlaşyp çözmäge, ýurdumyzda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli ähli başlangyçlar hormatly ýaşulularymyzyň ak pata bermegi bilen rowaç alýar. Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halkymyza düşündirmekde hem il sarpaly ýaşulularymyzyň bitirýän hyzmatlary uludyr.

Ýaşulularyň jemgyýetimizdäki ornuna, ýaş nesillerimizi watançylyk, halallyk, zähmetsöýerlik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekdäki nusgalyk hyzmatlaryna döwletimiz hemişe ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulysy» diýen ady dakmaly:

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň «Aşgabatagyzsuw» müdirliginiň abatlaýjy ussasy Gylyç Daňatarowa,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Halmyrat Sähetgulyýewe,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Annaberdi Işanowa,

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Baharly şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Çaryýar Hydyrowa,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant geňeşliginiň Yzgant obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Üşmek Agadurdyýewe,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kaka şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Nurmuhammet Rejepowa,

Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amandurdy Gurdyýewe,

Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Akmämmet Akmämmedowa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Ýegengylyç Şyhynyýazowa,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Gorkut geňeşliginiň Derekli obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kakamurat Saýaýewe,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginiň Işmaltapan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Bally Narçiýewe,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Goşahowly geňeşliginiň Arzuw obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kuwan Hajyýewe,

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň Lebap welaýat müdirliginiň Atamyrat etrabyndaky wekili, etrabyň baş ymamy Jumageldi Annakuliýewe,

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Beşir geňeşliginiň Güneş obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Hezretkuly Odeýewe,

Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň Ýeşiň geňeşliginiň Yeňiş obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Annadurdy Göleýewiç Şyhmuradowa,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Suhty geňeşliginiň Mülkaman obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kössek Berdimämmedowa,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň S. Nyýazow adyndaky geňeşliginiň Baýraç obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Gurbangeldi Taňňalowa,

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň Ahal geňeşliginiň Ahal obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Ilmyrat Hojanepesowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2015 ý. sentýabr aýynyň 10-y

№ PP-6813