Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Daşary ýurtly atşynaslary Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Daşary ýurtly atşynaslary Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.040

Daşary ýurtly atşynaslary Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý. № 3-4, 3579-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Mähriban halkymyzyň çekýän agzybir we tutanýerli zähmeti netijesinde, eziz Diýarymyz bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýar.

Ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet tarapyndan aýratyn uly üns berilýär. Müňýyllyklaryň dowamynda halk seçgisi netijesinde türkmen topragynda kemala gelen, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, daşary ýurt döwletleriniň ahalteke atçylyk assosiasiýalary, ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirýän hususy atşynaslary we bilermenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýulýar we özara bähbitli tejribe alşylýar.

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine, atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmäge goşan saldamly goşantlary üçin, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde gazanan uly üstünliklerini göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Gündogar Urugwaý Respublikasynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Guillermo Lokhart Helguerany,

Kanadanyň raýaty, hususy atşynas Pontekorwo Tito Nilsi,

Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiasiýasynyň Daşary aragatnaşyklar bölüminiň müdiri Žan Muny,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katerina-Irena Anna-Margareta Ýakob Geb. Şrayneri Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 22-nji apreli.

№ PP-6743