«Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanyna üýtgetme, goşmaça girizmek we käbir bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
010.210.010
«Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän
baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanyna üýtgetme, goşmaça girizmek we käbir bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 7-8, 1222-nji madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.03.2022 ý. çykaran № PP-929 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
«Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyn Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:
1. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 392-nji maddasy) birinji böleginde:
birinji böleginiň 1-nji bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.03.2022 ý. çykaran № PP-929 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;
2) 25-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«251) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni - 10-njy oktýabr;».
2. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 392-nji maddasy) birinji böleginiň 20-nji bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
3. Şu Permanyň birinji böleginiň 2-nji bendi hem-de ikinji bölegi 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2019-njy ýylyň 30-njy awgusty
№ PP-560