Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

130.010.100

010.150.010

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny

döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 6, 1157-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmeli.

2. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyna bermeli.

3. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny işini bes eden Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary P.Agamyradow, G.Myradow we Türkmenistanyň Bilim ministri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 12-nji iýuny

№ PP-516