Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni

ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 5, 1128-nji madda)

«Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna şu Permana goşulýan Sanawa laýyklykda üýtgetmeleri goşmaçalary girizmeli hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 16-njy maýy

№ PP-510

Türkmenistanyň Prezidentiniň,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň

Belent Serkerdebaşysynyň

2019-nji ýylyň 16-njy maýynda

çykaran PP-510-njy Permanyna

goşulýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň üýtgetmeler, goşmaçalar girizilýän we güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýän Permanlarynyň Sanawy

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.03.2022 ý. çykaran № PP-929 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

I. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

l. «Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 1077-nji Permanynda (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1993-nji ýyldaky 11-nji ýygyndysynyň I böleginiň 1644-nji maddasy) III babynyň 27-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«27) gozgalmaýan emläge bolan hukuklarynyň we onuň bilen bagly geleşikleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin:

a) ähli topardaky maýyp adamlary, Beýik Watançylyk urşunyň we beýleki döwletleriň çägindäki söweş hereketleriniň weteranlaryny, Beýik Watançylyk urşunyň we beýleki döwletleriň çägindäki söweş hereketlerinde wepat bolan (aradan çykan) weteranlaryň dul galan ýanýoldaşlaryny, radiasiýa heläkçiliginiň we betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adamlary, ata-enesiniň howandarlygyndan galan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary;

b) döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrylmagynyň netijesinde ýüze çykan eýeçilik hukugy döwlet tarapyndan bellige alynanda;

ç) paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan bolsa, onda şeýle şertnama döwlet tarapyndan bellige alynanda;

d) gozgalmaýan emläge bolan «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň güýje girmeginden öň ýüze çykan hukuklar, hukuklaryň borçlanmasy döwlet tarapyndan bellige alynanda;

e) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolandyryş-çäk düzümlerine, ilatly ýerlere we olaryň düzüm böleklerine, şeýle hem döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, beýleki obýektlere atlaryň dakylmagy we olaryň atlarynyň üýtgedilmegi bilen bagly, gozgalmaýan emlägiň kybaplaşdyryş maglumatlarynyň üýtgedilmegi döwlet tarapyndan bellige alynanda;

ä) kazyýet, beýleki ygtyýarly edaralar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gozgalmaýan emlägiň tussag edilmegi we onuň ýatyrylmagy barada degişli arzalar gelip gowşanda umumy esaslarda döwlet tarapyndan bellige alynanda;

f) kazyýetiň çözgüdi bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça we tertipde gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy ýatyrylan ýa-da üýtgedilen mahalynda Döwlet sanawyndaky ýazgy, degişlilikde ýatyrylanda ýa-da üýtgedilende;

g) gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin döwlet pajyndan boşadylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.».

2. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 392-nji maddasy) birinji böleginde:

1) 7-nji bendinde «Türkmen bedewiniň baýramy» diýen sözleri «Türkmen bedewiniň milli baýramy» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

2) 11-nji bendinde «we dokma senagatynyň işgärleriniň güni» diýen sözleri «baýramy» diýen söz bilen çalşyrmaly;

I babynyň ikinji böleginiň 3-nji bendi Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.03.2022 ý. çykaran № PP-929 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

3. «Türkmenistanda wezipeli adamlary we döwlet gullukçylaryny wezipä bellemegiň hem-de wezipeden boşatmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 21-nji iýunynda çykaran 374-nji Permany bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen wezipä bellenýän we wezipeden boşadylýan döwletiň wezipeli adamlarynyň hem-de döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň Sanawynyň II babynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary boýunça» diýen böleginde «Ylmy-barlag, bilim institutlarynyň direktorlary» diýen sözlerden soň «(ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Ylmylar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň garamagyndaky ylmy-barlag, bilim institutlarynyň direktorlary muňa degişli däl)» diýen sözleri goşmaly.

II. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1. «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 392-nji maddasy) birinji böleginiň 3-nji, 4-nji, 6-njy, 10-njy, 16-njy, 17-nji, 19-njy, 21-nji, 24-nji, 26-njy, 27-nji bentlerini.

2. «Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy martynda çykaran 321-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2018-nji ýyldaky 2-3-nji ýygyndysynyň 648-nji maddasy) birinji bölegini, ikinji böleginiň 1-nji bendini.