Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.050

«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 4-5, 177-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Atçylyk pudagyny we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohumçylygyny kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, athanalar we atçylyk sporty boýunça okuw merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça hem zerur işler durmuşa geçirilýär.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, atlary ösdürip ýetişdirmekde hem-de olaryň baş sanyny artdyrmakda, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda has ýokary netijeleri gazanandyklaryny, hünär ussatlygyny we uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Atly sport we marafon bölüminiň seýsi-topar ýolbaşçysy Durdymyrat Kanaýewe,

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň çeper-döredijilik bölüminiň baş režissýory, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentniniň ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milii at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi-topar ýolbaşçysy Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýewe,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň seýsi Seýitmyrat Seýitnazarowiç Seýidowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Toýlymyrat Babaýewe,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Maksatmyrat Kakamyradowiç Agamyradowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Atçapar Gulgeldiýewiç Bajamowa,

Balkan welaýatynyň Ýörite nebitgaz gurluşyk-gurnama trestiniň Gumdag gurluşyk-gurnama dolandyryş edarasynyň elektrik we gaz bilen kebşirleýjisi Baýmyrat Annamyradowiç Mämmedowa,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Ýaşlyk geňeşliginden hususy seýis Täzebaý Goşabaýewe,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Lebap atçylyk sport toplumynyň athanalar we aýlaw ýodalary boýunça hünärmeni Rozymyrat Bagyýewiç Gurbanowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary Döwlet athanasynyň atbakary Bäşim Joraýewiç Rozyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 27-nji apreli

№ PP-95