Russiýanyň Liberal-demokratik syýasy partiýasynyň (RLDP) başlygy Wladimir Wolfowiç Žirinowskä Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
010.200.050
Russiýanyň Liberal-demokratik syýasy partiýasynyň (RLDP) başlygy Wladimir Wolfowiç Žirinowskä Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 4-5, 173-nji madda)
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Russiýanyň Liberal-demokratik syýasy partiýasynyň (RLDP) başlygy Wladimir Wolfowiç Žirinowskä Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 7-nji apreli.
№ PP-89