Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik we bilim işgärlerini döwlet sylagдary bilen sylaglamak hem-de olara hormatly atlary dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik we bilim işgärlerini döwlet sylagдary bilen sylaglamak hem-de olara hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.200.050

Ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik

we bilim işgärlerini döwlet sylagдary bilen sylaglamak

hem-de olara hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 3, 129-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan has-da kuwwatlanyp, ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzy has-da ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda döwletli Diýarymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalar medeniýet we sungat ussatlarymyzy, ýazyjy-şahyrlarymyzy täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelen däp-dessurlaryny, milli mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmäge, wagyz etmäge we dünýä ýaýmaga ýurdumyzyň döredijilik, medeniýet, sungat we bilim işgärleri işjeň gatnaşdylar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilen çärelerde medeniýet we sungat ussatlarymyz, bagşy-sazandalarymyz, ýazyjy-şahyrlarymyz we artistlerimiz üstünlikli çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň milli medeniýetini, teatr, saz sungatyny, žuктalistikasyny, medeni aň-bilim edaralaryny we bilim ulgamyny ösdürmekde, döredijilik işgärlerini taýýarlamakda, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, göreldeli jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we döredijilikli zähmetini, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle hem Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň jemlenilmegi we Milli bahar baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu medeniýet, sungat, döredijilik we bilim işgärlerini Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Jumamyrat Şamyradowiç Gurbangeldiýewi,

Türkmenistanyň döwlet sirkiniň Çeper-döredijilik bölüminiň baş režissýory Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýewi,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hojagylyç Nazarowy,

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Döwletmyrat Janmämmedowiç Hanmämmedowy,

Türkmenistanyň döwlet sirkiniň Edara ediş-dolandyryş işgärleri bölüminiň baş administratory Azat Meredowy,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň baş režissýory Aman Arslanowiç Rozyýewi,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Aždarowna Altyýewany,

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Kuwandyk Poladowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň Watan habarlar bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Söhbet Öwezdurdyýewiç Bäşimowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň Watan habarlar bölüminiň Teleoperatorlar toparynyň ýolbaşçysy Döwletmyrat Atamyradowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň Teleoperatorlar toparynyň teleoperatory Sähetdurdy Berdiliýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Teleradiomerkezi» döwlet kärhanasynyň «Watan» habarlar gepleşikler sehiniň I derejeli hünärmeni Röwşen Abaýewiç Babaýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň Atçylyk we türkmen sportunyň taryhy bölüminiň jogapkär kätibi Ogulabat Hojamyradowna Rustamowany,

«Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy Begenç Garaýewiç Şyhlyýewi,

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy Hasan Batalowiç Magadowy,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ogulbaýram Gulyýewany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, atşynas Bäşimdurdy Şadurdyýewi,

«Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň öz habarçysy Ata Muhammet Muhammedowy,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Annamyrat Berdimyradowy,

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Nohur obasyndaky «Halal lukman» daýhan hojalygynyň mülkdary Aşyrmuhammet Seýitnurowy,

«Balkan» welaýat gazetiniň baş redaktory Geldimyrat Hojamyradowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň direktory, «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa ansamblynyň çeper ýolbaşçysy Saryýa Karahanowany,

Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ogulbäbek Halmämmedowany,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, şahyr Didarberdi Allaberdiýewi,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Täzezaman geňeşliginiň Dörtýap obasyny ýaşaýjysy, pensioner Rejep Bazarowy,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Almalyk geňeşliginiň Çarwalar obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Bally Kadyrowy,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Atamyrat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Şirli Hudaýnazarowy,

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň medeniýet bölüminiň müdiri Hampary Guseýnowna Mamedowany,

Ýurdumyzyň şu medeniýet, sungat, döredijilik we bilim işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady:

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Okuw teatrynyň oýun goýýan režissýory Kerim Babaýewiç Annanowa,

«Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ady:

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrap medeniýet merkeziniň bagşylar öýüniň ýolbaşçysy Rozy Muhamediýewe,

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň I derejeli kitaphanaçysy Oguljemal Orazdurdyýewa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Nurmuhammet Garlyýewe,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Esgi geňeşliginiň Gyzylgaýa obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Jumagül Hallyýewa,

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oral Temirowa,

«Türkmenistanyň at gazanan bagşysy»

diýen hormatly ady:

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Çowdur oba medeniýet öýüniň medeni çäre gurnaýjysy Jumadurdy Orazowiç Durdyýewe,

«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Maýa Artykowna Jumanyýazowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Aşyrmyrat Ýazmyradowa,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň Režissýorlar, hudožnikler we beýleki işgärler toparynyň režissýory Guwanç Hudagulyýewiç Söýünowa,

Aşgabat şäherindäki «Sungat-I» hojalyk şereketiniň direktory Kakamyrat Mürrükowa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherindäki 1-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Şaguly Kowusowiç Niýazowa;

Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory Maksat Ýolamanowa;

«Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti»

diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň Syýasy-jemgyýetçilik bölüminiň müdiri Şirin Gylyçmädowa,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň «Owaz» radioýaýlymynyň Daşoguz welaýaty boýunça habarçysy Şöhrat Abdyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 18-nji marty.

№ PP-77