2018-nji ýylyň 31-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
010.210.010
2018-nji ýylyň 31-nji dekabryny iş güni däl
diýip yglan etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018 ý., № 10-11-12, 901-nji madda)
Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2018-nji ýylyň 28-nji dekabry
№ PP-447