Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Oraza baýramyny bellemek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Oraza baýramyny bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Oraza baýramyny bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 6, 782-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2018-nji ýylyň 15-nji iýunynda bellemeli we şol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 14-nji iýuny

№ PP-373