Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmen bedewiniň milli baýramyny bellemek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramyny bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

010.210.010

Türkmen bedewiniň milli baýramyny bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 4-5, 717-nji madda)

Türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýurdumyzda atçylygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň kökleri asyrlara uzalyp gidýän atçylygyň watany bolup durýandygyny, ýurdumyzda atlara belent sarpa goýmagyň gadymy döwürlerden bäri asylly däbe öwrülendigini nazara alyp, karar edýärin:

1. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesini Türkmen bedewiniň milli baýramy diýip bellemeli.

2. «Türkmen atlary» döwlet birleşigi Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegine ýardam bermeli.

4. «Türkmen atlary» döwlet birleşigi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow