«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady
dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 11-12, 459-njy madda)
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikleri döwrebap aydym-sazlarda mynasyp wasp etmekde, türkmen halk döredijiliginiň dürdänelerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde, şeýle hem ýurdumyzyň aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlaryny nazara alyp, karar edýärin:
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň baş hünärmeni Annaniýaz Jepbarowiç Jepbarowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 01-nji dekabry
№ PP-247