Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

G. B. Babamuratowany Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

G. B. Babamuratowany Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

G. B. Babamuratowany Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 11-12, 438-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin hem-de halkara ýaryşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň sport abraýyny goramakda uly üstünlikleri gazanandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, Türkmenistanyň Söweş sungaty Milli federasiýasynyň türgeni Gulbadam Bekmuratowna Babamuratowany Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 13-nji noýabry

№ PP-223