Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini üýtgedip guramak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
090.070.190
010.150.010
190.020.020
Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini üýtgedip guramak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 4-5, 712-nji madda)
Ýurdumyzyň azyk senagaty pudagyny düýpli özgertmek we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine birleşdirmeli.
2. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary E.Orazgeldiýew, G.Myradow, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 11-nji apreli
№ PP-340