Milli matam gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Milli matam gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 9-10, 2805-nji madda)
Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň ýagty ýadygärliginiň hatyralanýan Milli matam gününiň şu ýyl dynç gününe düşýändigi sebäpli, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2013-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky dynç gününi 7-nji oktýabra geçirmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 04-nji oktýabry
№ PP-6431