2017-nji ýylda Türkmen gawunynyň gününi bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
010.210.000
2017-nji ýylda Türkmen gawunynyň gününi bellemek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 8-9, 327-nji madda)
Ýurdumyzda Türkmen gawunynyň gününi ýokary derejede belläp geçmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 2017-nji ýylda ýurdumyzda Türkmen gawunynyň gününi 17-nji awgustynda bellemeli.
2. Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi Türkmen gawunynyň gününi ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistabnyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýew, Türkmnistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 4-nji awgusty
№ PP-165