Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny geçirmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny geçirmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň

maslahatyny geçirmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 6-7, 278-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parasatly we ruhubelent halkymyz ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere buýsanyp, döwletimiziň beýik geljegine uly ynam bilen jebislikde, agzybirlikde halal zähmet çekýär. Sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýylynda her bir gününi ösüşlere we döredijilikli işlere besleýär.

Ata-babalarymyzyň asylly däplerine hem-de jemgyýetiň demokratik başlangyçlaryna eýerip, öz pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelýän ýaşulularymyza hormat-sarpa goýmak, olaryň abraý-mertebesini belende götermek, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşuly nesliň mynasyp ornuna buýsanmak bilen, döwlet ähmiýetli, giň gerimli işlere ýaşululary işjeň çekmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleri pähim-parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý tejribesini netijeli peýdalanmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda çykaran 7075-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň iýul aýynyň 07-si.

№ PP-154