Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dynç gününi
geçirmek hakynda
050.070.030
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2013-nji ýyl, № 9-10, 2821-nji madda)
Ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2013-nji ýylyň 27-nji oktýabryndaky dynç gününi 29-njy oktýabra geçirmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 25-nji oktýabry
№ PP-6449