Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda

010.210.000

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014 ý. № 11-12, 3407-nji madda)

Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. 2014-nji ýylyň 28-nji dekabryndaky dynç gününi 2015-nji ýylyň 2-nji yanwaryna - anna gününe geçirmeli.

2. 2014-nji ýylyň 28-nji dekabrynyň iş tertibini hepdäniň anna gününiň iş tertibine laýyklykda bellemeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2014 ý. dekabr aýynyň 19-y.

№ PP-6674