Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti
Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe Türkmenistanyň
«Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
010.200.050
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014 ý. № 11-12, 3398-nji madda)
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabatş.,
2014ý. dekabr aýynyň 02-si
№ PP-6663