K. Bazarow, S. Melejäýew, M. Hansähedow ýoldaşlary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
K. Bazarow, S. Melejäýew, M. Hansähedow ýoldaşlary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 11, 5289-njy madda)
Ýurdumyzyň hojalygyny we ilatyny öz wagtyndaky we ýokary hilli gidrometeorologiýa maglumatlary bilen üpjün etmäge goşan uly goşandy üçin hem-de Türkmenistanyň milli gidrometeorologiýa gullugynyň 70 ýyllygy mynasybetli:
Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa boýunça baş uprawleniýesiniň gidrometeorologiýa boýunça Balkan welaýat merkeziniň Ýashan meteorologiýa stansiýasynyň tehnigi-radiooperatory Kadyr Bazarowy,
Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa boýunça baş uprawleniýesiniň Ýerbent meteorologiýa stansiýasynyň başlygy Sylap Melejäýewi,
Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa boýunça, baş uprawleniýesiniň Ipaýgala gidrologiýa stansiýasynyň başlygy Mämmetweli Hansähedowy «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 26-njy noýabry
№ PP-2054