«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly
bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 11, 5288-nji madda)
Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary, ýurtda durnuklylygy, halkyň birligini, jebisligini üpjün etmek baradaky Milli galkynyş hereketiniň işine goşan şahsy goşandy üçin we Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň bäş ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
Ýazyjylar birleşikleriniň halkara bileleşiginiň (Moskwa şäheri) Ýerine ýetiriji komitetiniň türkmen edebiýaty boýunça konsultanty, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Anna Kowusowy «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 26-njy noýabry
№ PP-2053