Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda

010.200.040

010.120.060

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014 ý. №10, 3357-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramyny döredijilikli zähmet çekip, ägirt uly üstünliklere besläp garşylaýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Diýarymyzda asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň hukuk goraýjy we harby ulgamy hem kämilleşdirildi. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň howpsuzlygyny berkitmekde, asudalygyny gorap saklamakda, ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmekde, jemgyýetçilik we ykdysady howpsuzlygy pugtalandyrmakda, kanunçylygy kämilleşdirmekde hem-de migrasiýa syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda belent sepgitlere ýetildi.

Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, kanunçylygy, hukuk tertibini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň şu harby gullukçylaryny we işgärlerini Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

65759-njy harby bölümiň asmana atyjy-raketa diwizionynyň serkerdesi, kapitan Meýlis Rejepgeldiýewiç Babaýewi,

41432-nji harby bölümiň asmana atyjy diwizionynyň serkerdesi, uly leýtenant Serdar Yslamowiç Durdyýewi,

37807-nji harby bölümiň ok-därileri abatlaýyş nokadynyň başlygy, uly leýtenant Döwletmyrat Kakamyradowiç Annamyradowy,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Tagtabazar serhet birikmesiniň «Watançy» serhet galasynyň başlygy - bölümçe başlygynyň orunbasary, kapitan Döwletmurat Italmazowiç Rejepbaýewi,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Tagtabazar serhet birikmesiniň ýörite maksatly polkunyň üçünji ýörite maksatly batalýonynyň serkerdesi, kapitan Döwran Sapargeldiýewiç Mukymowy,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Tagtabazar serhet birikmesiniň «Pendi» serhet galasynyň üpjünçilik toparynyň sanitar gözükdirijisi - bölümçe serkerdesi, çagyryş boýunça harby gullugyň seržanty Begenç Röwşenowiç Nuradowy,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 6-njy müdirliginiň 1-nji bölüminiň aýratyn möhüm işler boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany Ýazmyrat Çarygulyýewiç Myradowy,

Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň ýangyn söndüriji söweşjeň bölümçesiniň ýangyn söndürijisi, içerki gullugyň seržanty Baýmyrat Berdimyradowiç Şamyradowy,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Aýratyn möhüm işleri derňemek boýunça müdirliginiň aýratyn möhüm işler boýunça uly sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist Azat Akynyýazowiç Nazarowy,

Mary welaýatynyň Serhetabat etrap kazyýetiniň kazysy, bäşinji hünär derejeli Nursähet Emetowiç Ýusupowy,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň kanunçylyk müdirliginiň konstitusion kanunçylyk bölüminiň baş maslahatçysy, 2-nji derejeli ýurist Gurbanjemal Mämmetjumaýewna Annaýewany,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň gümrük gözegçiligi bölüminiň başlygy, uly leýtenant Annamyrat Orazmuhammedowiç Myradowy,

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten şäher, etrap bölüminiň uly dessin ygtyýarly wekili, uly leýtenant Jemşit Mamedseýidowiç Mämedowy,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň Pasport bölüminiň başlygynyň orunbasary -Pasportlary personallaşdyryş bölümçesiniň başlygy, kapitan Akmuhammet Nobatgeldiýewiç Hekimowy.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 20-nji oktýabry.

№ PP-6646.