Bilelikdäki türkmen-türk bilim edarasyny döretmek hakynda
P E R M A N Y
Bilelikdäki türkmen-türk bilim edarasyny
döretmek hakynda
130.010.010
130.010.100
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2014ý., № 8-9, 3282-nji madda)
«Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2014-nji ýylyň 15-nji awgustynda baglaşylan Ylalaşygy durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň bilim edaralarynyň işini tertipleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Halkara türkmen-türk uniwersitetini ýapyp, onuň binýadynda hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň bilelikdäki bilim edarasy bolan Halkara türkmen-türk uniwersitetini döretmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, A.Goçyýew, Türkmenistanyň Bilim ministri G.Mämmedowa gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2014-nji ýylyň 29-njy awgusty
№ PP-6620