Ýoldaş W. Annanepesowa «Türkmenistanyň halk mugallymy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş W. Annanepesowa «Türkmenistanyň halk mugallymy»
diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 10, 5206-njy madda)
Işde gazanan ýokary netijeleri, bilim bermek işini ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin hem-de Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň bäşýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
Aşgabat şäheriniň № 37 orta mekdebiniň direktory ýoldaş Welnazar Annanepesowa «Türkmenistanyň halk mugallymy» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 10-nji oktýabry
№ PP-1924