«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň işgärleriniň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň işgärleriniň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 10, 5205-nji madda)
Ajaýyp äpet halyny döretmäge goşan uly goşandy, ýokary hünär ussatlygy üçin we Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň taryhy bäşýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
Şulara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly:
Gyzylarbadyň haly fabriginiň halyçysy Oguljahan Annamyradowa;
Gyzylarbadyň haly fabriginiň halyçysy Gülbike Garajaýewa;
Gyzylarbadyň haly fabriginiň halyçysy Satlyk Garataýewa;
Gyzylarbadyň haly fabriginiň halyçysy Ogultäç Geldiýewa;
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Gulýa Hangeldiýewna Garajaýewa;
Gyzylarbadyň haly fabriginiň halyçysy Gülsoltan Mämiýewa.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 9-njy oktýabry
№ PP-1923