Ýoldaş O. Meredowa 1997 ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş O. Meredowa 1997 ýylyň Magtymguly adyndaky
Halkara baýragyny bermek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 5, 5640-njy madda)
Umumy meýdany 266 kwadrat metr bolan äpet halynyň döredilmegine goşan şahsy goşandy nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997 ýylyň 2 Magtymguly aýynyň nda çykaran № 2207 Permanynyň 2 punktuna goşmaça girizip, «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň başlygy Ogulnabat Meredowa 1997-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 20-nji maýy
№ PP-2215