Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda
010.010.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2014ý., № 5, 3167-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylygymyzy dünýä ölçeglerine laýyk getirmek bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyny - Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça ylmy-tejribe taýdan esaslandyrylan teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion topary döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly (goşulýar).
2. Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion topar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly we bellenen tertipde hödürlemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 16-njy maýy.
№ PP-6576
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2014-nji ýylyň 16-njy maýynda
çykaran PP-6576-njy Permany bilen
tassyklandy
Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça
konstitusion toparyň
DÜZÜMI
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.08.2015 ý. çykaran PP-6788 Permany esasynda girizilern üýtgetmeler bilen)
Berdimuhamedow - Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Mälikgulyýewiç (Toparyň başlygy)
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy
Türkmenistanyň Baş prokurory
Türkmenistanyň Adalat ministri
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri
Türkmenistanyň Içeri işler ministri
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň direktory
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy