Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen

sylaglamak hakynda

010.200.050

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2014ý., № 5, 3162-nji madda)

Beýik Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. XVIII asyrdan bäri Magtymguly Pyragy her bir türkmeniň kalbynda hem-de aňynda ýaşap gelýär. Nusgawy şahyryň şygyr diwanlarynyň nesillerde watansöýüjiligi we ynsanperwerligi, dogruçyllygy hem-de adalatlylygy terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr. Magtymguly Pyragy türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy Beýik akyldaryň çuňňur pelsepä ýugrulan ajaýyp goşgulary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin adamzadyň ruhy baýlygyna öwrüldi. Şoňa görä-de, nusgawy şahyryň mertebesi, türkmeniň taryhynda, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň milli mede-niýetini ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde hem-de ýaýratmakda, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik we rahy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde, medeni mirasymyzy, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmekde we aýawly saklamakda, ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde, ylym, bilim, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlarynda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem çeken önjeýli zähmetlerini, ajaýyp döredijilik üstünliklerini we ýokary ussatlygyny nazara alyp, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu medeniýet, sungat, döredijilik, ylym we bilim işgärlerini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary Gulmyrat Myradowy,

«Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Abdurahmanowiç Rejepowy,

«Garagum» žurnalynyň baş redaktory Osman Hojageldiýewiç Odeýewi,

«Diýar» žurnalynyň baş redaktory Gurbannazar Arazgulyýewi,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň direktory Annagurban Aşyrowy,

Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Zeki Pektaşy,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Kakajan Aşyrowy,

«Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň baş redaktory Narmuhammet Kakabaýewi,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Nurgeldi Soýünowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Durmuş maksatly desgalar müdirliginiň «Nebitçi» çagalar sagaldyş merkeziniň administratory Amanmyrat Meredowiç Agaýewi,

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkeziniň dutarçylar toparynyň ýokary derejeli bagşysy Parahat Annagurbanowiç Şihimowy,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Folklor-etnografiýa studiýa-synyň direktory-çeper ýolbaşçysy Myratgeldi Baýramberdiýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Senagat demir ýol ulaglarynyň döwlet kärhanasynyň «Altyn menzi1» folklor aýdym-saz toparynyň baş ýolbaşçysy Läle Gylyçmyradowna Begnazarowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhammedowany,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Psihologiýa Kafedrasynyň müdiri Baýram Basarowy,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň dekanynyň ylmy işler boýunça orunbasary, Türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy Azarnepes Mämmetjumaýewi,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri Amannepes Goýunçyýewiç Şihnepesowy,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Pedagogika kafedrasynyň müdiri Janabaý Şyhyýewi,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Akmämmet Orazmyradowiç Akmämmedowy,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň dosenti Atadurdy Gurbanowy,

Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň Mugallymçylyk fakultetiniň Terjimeçilik bölüminiň müdiri, dosent Rejepaly Nazarowy,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň müdiri Şyhimustapa Hudaýberdiýewi,

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň Umumy tehniki dersleri kafedrasynyň dosenti Hydyrguly Ataýewi,

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň dosenti Amanbibi Gylyjowany,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş kafedrasynyň müdiri, uly mygallymy Maral Bahşiýewna Ataýewany,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň dosenti Nurmuhammet Keşikowy,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Dünýä tejribesini öwreniş kafedrasynyň professory Gully Babaýewiç Akyniýazowy,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň mugallymy Anna Taganowiç Meläýewi,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýörite fortepiano kafedrasynyň müdiri, dosent Orazgül Sahatowna Annamyradowany,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Dirižýorlyk kafedrasynyň müdiri Gurbanmyrat Orazowiç Babaýewi,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kirişli saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy Aşir Hojatowy,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary kafedrasynyň mugallymy Annageldi Jülgäýewi,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Grafika kafedrasynyň müdiri Hajу Atakgaýewi,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň uly mugallymy Aşyrmuhammet Çaryýewiç Kulyýewi,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Orazgözel Bäşimowna Utomyşewany,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň uly mugallymy Rejepberdi Bäşimowiç Muhammedowy,

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Gaýypberdi Otdyýewi,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň bölüm müdiri Nurgözel Saryýewna Bäşimowany,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň baş ylmy işgäri Muhammetgeldi Moşewi,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň bölüm müdiri Orazpolat Ekäýewi,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň baş ylmy işgäri, professor Hemra Ýusupowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň baş ylmy işgäri Orazdurdy Çommadowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň Halk döredijiligi bölüminiň müdiri Baýrammyrat Amanmyradowiç Baýmyradowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň Halk döredijiligi bölüminiň baş ylmy işgäri Şirinjemal Geldiýewany,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň Ylmy teswir bölüminiň esasy ylmy işgäri Gurbangül Toýlyýewna Guzyçyýewany,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň Türkmen diliniň çeşmeleri bölüminiň uly ylmy işgäri Rahman Halatberdiýewiç Ilmämmedowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň Tekstologiýa bölüminiň müdiri Rahymmämmet Arazmämmedowiç Kürenowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň Tekstologiýa bölüminiň baş ylmy işgäri Öwezdurdy Nepesowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň Tekstologiýa bölüminiň baş ylmy işgäri Ahmet Mämmedowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň Türkmen taryhynyň çeşmeleri bölüminiň müdiri Geldimyrat Hudaýnazarowiç Muhammedowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň Gözegçilik bölüminiň müdiri Dawut Saparmämmedowiç Orazsähedowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň Ylmy teswir bölüminiň müdiri Atamyrat Abdyýewiç Saparmyradowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň Daşky gurşawyň himiýasy we ekologiýasy barlaghanasynyň müdiri Çary Atabaýewiç Kuliýewi,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 121-nji orta -mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Bally Aýdogdyýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň Studiýa we dubliýaž bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Sona Saparowna Ýazowany,

«Türkmenistan» gazetiniň bölüm müdiri Gurbanmuhammet Rejepowy,

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Irina Aleksandrowna Imamkuliýewany,

«Aşgabat» gazetiniň bölüm redaktory Ogulnabat Jumaýewany,

«Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri Amangözel Şaguewany,

«Mugallymlar gazeti» gazetiniň jogapkär kätibiniň wezipesini wagtlaýyn jerine ýetiriji Ogulkeýik Atamyradowna Paşşyýewany,

«Galkynyş» gazetiniň bölüm redaktory Hudaýguly Gurbanowy,

«Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri Döwletgeldi Annamyradowy,

«Diýar» žurnalynyň bölüm redaktory Döwletmyrat Nuryýewi,

«Güneş» žurnalynyň habarçysy Atamyrat Atabaýewi,

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň terjimeçisi Atajan Tagany,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň baş direktorynyň orunbasary, Merkeziň döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurowy,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň alym-kätibi Täçmämmet Žurdekowy,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Estrada artistleri toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti Akmuhammet Gurbanowiç Hanowy,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak bölüminiň müdiri Ogulgerek Esenowna Araliýewany,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Meginýaz Hudaýnowna Merdanowany,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň müdiri Ogulnabat Hojaýewna Myradowany,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň sahna ussady Çary Berdiýewi,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň suratkeşi Maksat Daşpoladowiç Amangylyjowy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçy artisti Atageldi Garýagdyýewi,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň dirižýory Daňatar Baýramowiç Hydyrowy,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň sahna ussady Öwezgeldi Hudaýgulyýewi,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Nur Nabat Çaryýewna Gurbanowany,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy Amanmyrat Igliýewi,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Aýdym-saz bölüminiň mugallymy Hasan Pirimowiç Jumaýewi,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ýörite sapaklardan ýokary derejeli mugallymy Rahymguly Işangulyýewi,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ýörite sapaklardan mugallymy Saragt Babaýewi,

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň Kitaphana işini öwreniş bölüminiň mugallymy Bahargül Zamanowna Gurbanmyradowany,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň ýokary derejeli dutar mugallymy Amanöwez Saparowy,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Abadan medeniýet merkeziniň baş režissýory Pälwan Meredowiç Hamydowy,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Sülgün Hojagulyýewany,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Annameret Akmyradowiç Taganowy,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň garamagyndaky Türkmenistanyň döwlet kitap palatasynyň başlygy Agageldi Allanazarowy,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Gündelik däl neşirleri çykarmak we meýilleşdirmek müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Okuw kitaplaryny çykarýan bölüminiň başlygy Oguldursun Pirnepesowany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Gündelik däl neşirleri çykarmak we meýilleşdirmek müdirliginiň Jemgyýetçilik-syýasy kitaplary, çagalar neşirleri çykarýan bölüminiň baş hünärmeni Şirin Aýdogdyýewna Myratgulyýewany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Annamuhammet Amanmuhammedowiç Öwezowy,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň Sahaplaýjy bölüminiň ussasy Merjen Gulanowna Çaryýewany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň Sahaplaýjy bölüminiň maşinisti Akjagül Geldibaýewany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän bölüminiň EHM operatory Anastasiýa Alekseýewna Korotkowany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän bölüminiň EHM operatory Dinara Meredowna Taganowany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän bölüminiň EHM operatory Sewil Jamaldinowna Ýarmakowany,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän bölüminiň EHM operatory Irina Anatolýewna Zasarinnaýany,

Türkmen döwlet neşirýar gullugynyň Metbugat merkeziniň Ofset çap ediş bölüminiň çapçysy Nury Durdymuhammedowiç Nuraliýewi,

Türkmen döwlet neşirýar gullugynyň Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşiginiň 1-nji derejeli hünärmeni Oguljemal Çaryýewany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, şahyr Muhammetmyrat Kömekowy,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 17-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Gurbandurdy Orazowy,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 9-njy orta mekdebiniň zähmet, çyzuw mugallymy Işanmyrat Gaýypowiç Öwezberdiýewi,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly adyndaky 3-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Döwletgül Myratgeldiýewna Annamämmedowany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Seýidaly Babaýewi,

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysynyň orunbasary Durdy Baýramowy,

Daşogzuň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Miwe Tuwakbaýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 33-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Bally Seýitberdiýewi,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndaky 28-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Bazar Hojamämmedowy,

Daşogzuň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Faýzulla Eminowy,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Dil we edebiýat fakultetiniň dekanynyň okuw işleri boýunça orunbasary, Türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Akmyrat Hydyrowiç Täjimowy,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 35-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Döwlatmyrat Arazmuradowiç Sadowy,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabyndaky 31-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Ahmet Gurbanowiç Abdyllaýewi,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Baýgül Astanakulowany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky Magtymguly adyndaky 14-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Dursunaý Jumaýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky Rähmet Seýidow adyndaky 1-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Döndi Esenowany,

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna ussady Akjagül Suhanowany,

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna ussady Babamyrat Şerapowiç Aşyrowy,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Çary Saparowy,

«Türkmen gündogary» welaýat gazetiniň jogapkär kätibi Mametgylyç Kütiýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçy karyş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň Medeniýet köşgüniň sazandasy Suhanberdi Nurberdiýewiç Orazberdiýewi,

Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Abdylla Gurtlyýewiç Kakageldiýewi,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky 47-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Akmuhammed Annaýewi,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Nurmuhammet Kadyrowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Welmuhammet Hommodowiç Galandarowy,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň edebiýat-drama bölüminiň müdiri Myrat Ömüri,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Mary welaýat şahamçasynyň başlygy Gurbangeldi Gurbanowy,

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň bagşylar öýüniň çeper ýolbaşçysy Kakageldi Kerimowiç Çaryýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2014-nji ýylyň maý aýynyň 09-y.

№ PP-6571