Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Baş harby prokuraturasyny hem-de Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Baş transport prokuraturasyny ýatyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Baş harby prokuraturasyny hem-de Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Baş transport prokuraturasyny ýatyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 5, 5636-njy madda)
1. Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Baş harby prokuraturasyny;
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Baş transport prokuraturasyny ýatyrmaly.
2. «Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýanynda Türkmenistanyň Baş harby prokuraturasyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996 ýylyň 2 fewralynda çykaran № 1733 Permanyny;
«Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýanynda Türkmenistanyň Baş transport prokuraturasyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996 ýylyň 2 fewralynda çykaran № 2472 kararyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 5-nji maýy
№ PP-2208