Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň goşmaça çykdajylaryny maliýe taýdan üpjün etmek baradaky çäreler hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň goşmaça çykdajylaryny maliýe taýdan üpjün etmek baradaky çäreler hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 9, 5181-nji madda)
Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň 1996 ýylyň 1 oktýabryndan başlap iş hakyny, pensiýalary, stipendiýalary, kömek pullaryny hem-de beýleki sosial tölegleri ýokarlandyrmak baradaky goşmaça çykdajylaryny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri bilen üpjün etmek maksadyna eýerip, karar edýärin:
1. Benzini we dizel ýangyjyny ýerlemekden alynýan aksizleriň möçberi Türkmenistanynyň kanunçylyk aktlaryna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetine gönükdirilýär hem-de iş hakyny, pensiýalary, stipendiýalary, kömek pullaryny we beýleki sosial tölegleri ýokarlandyrmak boýunça goşmaça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin peýdalanylýar diýip bellemeli.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995 ýylyň 27 sentýabrynda çykaran № 1647 Permany bilen tassyklanylan, Ýol fondy hakynda düzgünnamanyň 3 punktunyň ikinji we bäşinji abzaslaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 30-njy sentýabry
№ PP-1915