Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Amnistiýa hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Amnistiýa hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Amnistiýa hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 9, 5180-nji madda)

Ynsanperwerlik ýörelgelerine goldanyp we Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň bäşýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli, karar edýärin:

1. Şu iş kesilenleri jeza çekmekden boşatmaly:

a) aýallary;

b) I we II toparlardaky maýyplary;

w) inçekeseliň güýçlenýän görnüşi (dispanser hasaba alşyň birinji topary), II, III, IV toparlardaky howply onkologik keseller bilen kesellän adamlary;

g) kämillik ýaşyna ýetmedikleri we 18 ýaşy dolmanka jenaýat eden adamlary;

d) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary, Watanyň bähbitlerini goramak baradaky söweş hereketlerine gatnaşan we internasional borjuny ýerine ýetiren adamlary, 1941-1945 ýyllardaky Beýik Watançylyk urşy döwründe janypkeşlikli çeken zähmeti üçin SSSR-iň ordenleri we medallary, şeýle hem edermençilikli zähmeti üçin SSSR-iň hem-de Türkmenistanyň ordenleri we medallary bilen sylaglanan adamlary;

e) 60 ýaşdan geçen erkek adamlary.

2. Şulary jeza çekmekden boşatmaly:

a) seresapsyzlyk zerarly jenaýat eden, 10 ýyla çenli we 10 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlary;

b) bilkastlaýyn jenaýat edendigi üçin 5 ýyla çenli we 5 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlary.

3. Eden jenaýatynyň görnüşine we bellenilen jeza möhletine garamazdan, şu Permanyň güýje giren gününe çenli galan möhleti 1 ýyldan köp bolmadyk iş kesilenleri jeza çekmekden boşatmaly, şu Permanyň 9 maddasynyň «w», «g» we «d» punktlarynda görkezilen adamlar muňa girmeýär.

4. Şertli iş kesilenleri, hökümiň ýerine ýetirilmegini gaýra goýmak bilen, azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleri, zähmete hökman çekmek bilen, azatlykdan mahrum etmäge şertli iş kesilenleri, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden zähmete hökman çekmek bilen, şertli boşadylanlary, şeýle hem azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki jeza çärelerine iş kesilenleri jeza çekmekden boşatmaly.

5. Düzgün-nyzam batalonyna ibermäge iş kesilen harby gullukçylary jeza çekmekden boşatmaly.

6. Şu Permanyň 1, 2, 4 we 5 maddalarynda sanalyp geçilen we 8-9 maddalarynyň täsirine düşmeýän adamlar barasynda şu Permanyň güýje girmezinden ozal edilen jenaýatlar hakyndaky ähli derňew işlerini we sudlar tarapyndan garalmadyk işleri önümçilikden ýatyrmaly.

7. Şularyň çekilmedik jeza möhletini aşakda görkezilişi ýaly kemeltmeli:

a) seresapsyzlyk zerarly jenaýat eden, 10 ýyldan köp möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen we şu Permanyň 1 we 3 maddalarynyň täsirine düşmeýän adamlaryň-ýarpy möçberinde;

b) bilkastlaýyn jenaýatlar üçin 5 ýyldan ýokary hem-de 10 ýyla çenli we 10 ýyl möhlete azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen we şu Permanyň 1 we 3 maddalarynyň täsirine düşmeýän adamlaryň-ýarpy möçberinde;

w) bilkastlaýyn jenaýatlar üçin 10 ýyldan köp möhlete iş kesilen hem- de şu Permanyň 1 we 3 maddalarynyň täsirine düşmeýän adamlaryň-üçden bir bölegi möçberinde.

8. Şu Permanyň 1 maddasynyň güýjüni şu iş kesilenlere degişli etmeli däl:

a) Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 62-71 maddalarynda göz öňünde tutulan aýratyn howply döwlet jenaýatlaryny, şeýle hem 75 (banditizm), 76 (düzediş-zähmet edaralarynyň işini bulaşdyrýan hereketler), 92 (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emlägini iýmek maksady bilen garakçylyk edilmegi), 95 (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emläginiň talaňçylyk, garakçylyk we kezzapçylyk arkaly aýratyn uly möçberlerde iýilmegi) maddalarynda, 98 maddasynyň üçünji böleginde (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda gorkuzyp almak), 106 (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýda bilkastlaýyn adam öldürmek), 107 (bilkastlaýyn adam öldurmek), 110 (enäniň täze dogan çagany öldürmegi) maddalarynda, 113 maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda syna bilkastlaýyn agyr şikes ýetirmek), 122 (zorlamak), 126 (beçebazlyk), 157 (garakçylyk etmek) maddalarynda, 159 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda gorkuzyp almak), 220 (milisiýa işgäriniň ýa-da halk družinaçysynyň janyna kast etmek) maddasynda, 243 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda ulag serişdelerini alyp gaçmak), 257 maddasynyň dördünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda neşe maddalarynyň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy), 257-2 (neşe maddalaryny ogurlamak) we 260 (jelephana saklamak we oýnaşlary duşuryjylyk etmek) maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlary edenlere;

b) sud tarapyndan bellenilen jeza möhletini doly çekmänkä amnistiýa boýunça ýa-da günä geçmek tertibinde azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden ozal boşadylanlara we ýene-de bilkastlaýyn jenaýat edenlere;

w) aýratyn howply residiwi diýlip ykrar edilenlere.

9. Şu Permanyň 2, 4-7 maddalarynyň güýjüni şu iş kesilenlere degişli etmeli däl:

a) Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 62-71 (aýratyn howply döwlet jenaýatlary), 75 (banditizm), 76 (düzediş-zähmet edaralarynyň işini bulaşdyrýan hereketler), 77 (kontrabanda), 78 (köpçülikleýin tertipsizlikler), 85 (gatnaw ýollaryny we ulag serişdelerini zaýalamak), 86 (galp pullary ýa-da gymmatly kagyzlary ýasamak ýa-da ýerlemek), 88 (döwlete garşy jenaýatlary habar bermezlik), 89 (döwlete garşy jenaýatlary ýaşyrmak) maddalarynda, 90 maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda iýilmegi), 91 maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda talaňçylyk arkaly iýilmegi), 92 (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emlägini iýmek maksady bilen, garakçylyk edilmegi) maddasynda, 94 maddasynyň üçünji böleginde (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda -kezzapçylyk arkaly iýilmegi), 95 (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emläginiň ogurlyk, talaňçylyk, garakçylyk we kezzapçylyk arkaly aýratyn uly möçberlerde iýilmegi) maddasynda, 98 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda gorkuzyp almak), 101 maddasynyň ikinji böleginde (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastlaýyn ýok etmek ýa-da zaýalamak), 106 (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkýastlaýyn adam öldürmek), 107 (bilkstlaýyn adam öldürmek), 113 (syna bilkastlaýyn agyr şikes ýetirmek), 122 (zorlamak), 125 (azgynçylyk hereketleri), 126 (beçebazlyk), 135 (çagany ogurlamak ýa- da çalşyrmak), 136-1 (adamlary girewine almak) maddalarynda, 155 maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda ogurlamak), 156 maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda talamak), 357 (garakçylyk etmek) maddasynda, 158 maddasynyň üçünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda kezzapçylyk etmek), 159 (gorkuzyp almak) maddasynda, 163 maddasynyň ikinji böleginde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastlaýyn ýok etmek ýa-da zaýalamak), 194 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda para almak), 213-3 (jemgyýetçilik tertibini bozýan toparlaýyn hereketleri guramak ýa-da şolara işeňňir gatnaşmak), 220 (milisiýa işgäriniň ýa-da halk družinaçysynyň janyna kast etmek) maddalarynda, 236 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (zannyýamançylykly we aýratyn zannyýamançylykly huligançylyk etmek), 239 (kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jenaýatly işe çekilmegi), 239-2 (kämillik ýaşyna ýetmedikleri dermanlyk we beýleki serişdeleri baş aýlanmaga getirýän ýagdaýlarda saglygy goraýşa dahylsyz sarp etmäge çekmek) maddalarynda, 243 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda ulag serişdelerini alyp gaçmak ), 244-2 (demir ýoluň hereket edýän düjümini howa, deňiz ýa-da derýa gämisini alyp gaçmak ýa-da basyp almak, wokzaly, aerodromy, porty ýa-da gaýry ulag kärhanasyny basyp almak, ýükleri basyp almak), 249 (ok atýan ýaragy, söweş ok-därilerini we partlaýjy maddalary bikanun götermek, saklamak, edinmek, taýýarlamak ýa-da ýerlemek), 250 (ok atýan ýaragy, söweş ok-därilerini ýa-da partlaýjy maddalary ogurlamak), 257 (neşe maddalarynyň ýerlemek maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy) maddalarynda, 257-1 maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda satmazlyk maksady bilen neşe serişdelerine bikanun çemeleşilmegi), 257-2 (neşe maddalarynyň ogurlanylmagy), 259-3 (neşe maddalaryny ulanmak üçin neşehanalaryň guralmagy ýa-da saklanylmagy), 259-5 (köpçülikleýin çäreler geçirilen mahaly neşe serişdelerini ulanmagy guramak), 260 (jelephapa saklamak we oýnaşlary duşuryjylyk etmek), 270 (başlyga garşylyk görkezmek ýa-da ony gulluk borçlaryny bozmaga mejbur etmek), 272 (başlyk barasynda zorlukly hereketler) maddalarynda, 274 maddasynyň «w» punktunda (harby gullukçylaryň bir-biri bilen tabynlyk gatnaşyklary bolmadyk mahaly olaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ustawlaýyn kadalarynyň bir topar adam tarapyndan ýa-da ýarag ulanmak arkaly bozulmagy, şonuň ýaly-da onuň agyr netijelere getirmegi), 279 (öz synasyna zeper ýetirmek arkaly ýa-da başga usul bilen harby gullukdan boýun gaçyrmak), 281 (harby emlägi bilkastlaýyn ýok etmek ýa-da zaýalamak) maddalarynda, 290 maddasynyň «b» we «w» punktlarynda (häkimiýeti hyýanatçylykly ulanmak, häkimiýetiň çäginden çykmak ýa-da hereketsizligi) göz öňünde tutulan jenaýatlary edenlere;

b) bilkastlaýyn jenaýat üçin ozal iş kesilen we ýene-de bilkastlaýyn jenaýat edenlere;

w) sud tarapyndan bellenilen jeza möhletini doly çekmänkä amnistiýa boýunça ýa-da günä geçmek tertibinde azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinden ozal boşadylanlara we ýene-de bilkastlaýyn jenaýat edenlere;

g) aýratyn howply residiwist diýlip ykrar edilenlere;

d) jeza çekmek üçin koloniýadan türmä geçirilenlere.

10. Şu Permanyň 1 maddasynyň «a», «g», «d» we «ýe» punktlarynyň hem-de 2-7 maddalarynyň güýjüni ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmadyk, şeýle hem esassyz baýamagyň möçberlerini tölemedik adamlara degişli etmeli däl.

Şu maddanyň birinji böleginiň düzgünleri ýetim çagalara, ata-eneleriň howandarlygyndan mahrum bolan çagalara we ata-eneleriň biri I we II topardaky maýyp bolan çagalara degişli edilmeýär.

11. Eden jenaýaty üçin jeza çäresi bilen bir hatarda arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da weneriki kesellerden mejbury bejeriş çäreleri bellenilen hem-de şu Permana laýyklykda jeza çekmekden boşatmaga degişli adamlar barasynda amnistiýa akty bejerişiň doly kursy tamamlanandan soň ulanylýar, şu Permanyň 1 maddasynyň «a», «b», «w» we «g» punktlarynda sanalyp geçilen adamlar muňa girmeýär.

Şu Permanyň 1 maddasyň «a», «b», «w» we «g» punktlarynda sanalyp geçilen, eden jenaýaty üçin jeza çäresi bilen bir hatarda arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da weneriki kesellerden mejbury bejeriş çäreleri bellenilen hem-de şu Permana laýyklykda jeza çekmekden boşatmaga degişli adamlar barasynda amnistiýa akty soňra bejerişi ýaşaýan ýerinde hökman dowam etdirmek şerti bilen ulanylýar.

12. Jeza çekýän wagtynda tussagda saklaýyş ýerlerinden ýa-da tussag astyndan birinji gezek gaçan, ýa bolmasa azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekmekden boýun gaçyran hem-de şu Perman çap edilen günden başlap 30 gün möhletiň dowamynda milisiýa organlaryna ýa-da jeza çeken ýerine meýletin gaýdyp baran adamlar şu jenaýatlar üçin (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 209, 209-1 maddalary boýunça) jogapkärçilikden boşadylýar hem-de şu Permana laýyklykda umumy esaslarda amnistiýa etmäge degişlidir.

13. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 79, 276, 277 maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlary eden harby gullukçylar barasynda jenaýat işleri, eger gaçgak bolup ýören we gulluk edýän ýerinden rugsatsyz giden harby gullukçylar 30 gün möhletiň dowamynda gulluk edýän ýerine, ýaşaýan ýerindäki harby komissarlyklara ýa-da hukuk goraýjy organlara soňra gullugyny dowam etdirmek bilen, meýletin tertipde gelse, şeýle halatda deslapky derňew işleriniň barşynda bes edilmäge degişlidir.

14. Amnistiýa ulanylan adamlara, eger olar özleri barada amnistiýa akty ulanylanyndan soň jezasynyň çekilmedik böleginiň dowamynda täzeden bilkastlaýyn jenaýat etseler, onda suduň täze höküm boýunça bellenilen jeza çäresine öňki höküm boýunça bellenilen jeza çäresiniň çekilmedik bölegini degişlilikde dolulygyna ýa-da kem-käsleýin goşjakdygy barada ýazmaça duýduryş berilýär.

Özleri barasynda amnistiýa aktynyň ulanylmagy bilen baglanyşyklylykda sud, derňew we doznaniýa organlary tarapyndan jenaýat işi bes edilen adamlar bir ýylyň dowamynda täze bilkastlaýyn jenaýat eden halatynda önümçiligi suduň degişli kesgitlemesi ýa bolmasa prokuroryň karary bilen dikeldilýän, birleşdirilýän we derňelýän iş boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekilmäge degişlidir.

15. Türkmenistanyň sudlary tarapyndan, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynda SSSR-iň sudlary tarapyndan iş kesilen adamlar şu Permanyň täsirine düşýär.

16. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär hem-de dört aýyň dowamynda ýerine ýetirilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 30-njy sentýabry

№ PP-1912

Salgylanýar