Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güle Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güle Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güle Magtymguly

adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

010.200.080

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2014ý., № 5, 3159-njy madda)

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Doganlyk türkmen we türk halklarynyň umumy taryhy kökleri hem-de gadymdan gelýän milli däpleri bu gatnaşyklaryň esasynda durýar. Iri we ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň birine öwrülen Türkiýe Respublikasy biziň ýurdumyz üçin iň ýakyn we doganlyk döwletdir. Iki doganlyk ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk häzirki döwürde barha giňeýär we özara bähbitli häsiýete eýe bolýar.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, medeni we ylym-bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandy üçin, Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň çuň pelsepä ýugrulan döredijiligini Ýer ýüzüne giňden wagyz etmekde, ynsanperwerlik ýörelgelerini durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, şeýle hem Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň kararyny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güle Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2014-nji ýylyň maý aýynyň 09-y.

№ PP-6568