«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 4, 5583-nji madda)
Garaşsyz we bitarap Türkmenistanyň teatr sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de A. S. Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynyň esaslandyrylan gününiň ýetmiş ýyllygy mynasybetli:
Türkmenistanyň at gazanan artisti, teatryň artistkasy Ýekaterina Iwanowna Bataýewany,
teatryň baş buhgalteri Nina Iwanowna Darinany,
Türkmenistanyň at gazanan artisti, teatryň artistkasy Wioletta Wasilýewna Ismailowany,
teatryň baş sahna maşinisti Annamämmet Ärjanowy «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 22-nji apreli
№ PP-2195