Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ýoldaş G. I. Neýmarka «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Ýoldaş G. I. Neýmarka «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ýoldaş G. I. Neýmarka «Türkmenistanyň halk artisti»

diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 3, 5527-nji madda)

Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy hem-de garaşsyz bitarap Türkmenistanyň aýdym-saz sungatyny ösdürmekde, wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Çagalar we ýetginjekler üçin halkara sazçylyk merkeziniň Prezident S. A. Nyýazow adyndaky skripkaçylar ansamblynyň çeper ýolbaşçysy Garold Isakowiç Neýmarka «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 4-nji marty

№ PP-2150